Bir adam gazetde sheyle bildirish yerleshdiripdir:
- "Men bayamagyñ yoluny bilyärin, shony hem hiç birhili muzd almazdan milli abadançylygyñ hatyrasy üçin islän adama aydyp biljek. Shu mümkinçiliklerden peydalanmak isleyänler, öz adresi bilen birlikde, marka haky üçin iki ana (pul birligi) ibermelidir. Kimde-kim sheytse, men oña eliñi sowuk suwa batyrman gazanç etmegiñ syryny aytjak"
Shol wagtlar ishsizlikden hem-de mätäçlikden yaña görgi göryänler köpdi. Müñlerçe adam bu bildirishi begenip okady, yüreklerde umyt döredi: "belkem, dogrudyr? Özem bermelisi bary-yogy iki ana dälmi? Belki, Huday berse, iki ana bilen galan ömrümi barlyja yasharyn". Ine onsoñ ol adamyñ üstüne çar tarapdan hatlar yagyp bashlayar. Birnäçe gün geçenden soñ gazetde sheyle bildirish peyda boldy:
- "Yakyn günlerde men bayamagyñ yoluny aydyp berjek diyip, bildirish çap edipdim. Shondan soñ men on alty müñ hat aldym. Wada bershim yaly, shol hatlara ayry-ayrylykda gaytargy yazyp bilmänim üçin, olara gazet üsti bilen jogap bermegi karar etdim. Meniñ alan on alty müñ hatymyñ her birinden iki ana çykyp, jemi iki müñ kaldar pul yygnandy. Sheylelikde men ömrüm ötyänçä mätäçlikden halas boldum. Men bayamak isleyänlere ine shu yoly teklip edyärin. Bayamagyñ shundan gowy yoluny bilemok"

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir