Günler ömrüň eleginde elenip dur. Däli söýýän ýürekler yzyna alyslarda galan söçgüli ýarlarynyň ýanyna gaýdasy gelýärler. Ýöne sen ol günlere şähereden çykyp gidip soň gaýdyp gelşiň ýaly olara gaýdyp bilmersiň. her kimiň geçmişindem bir ahmyry bar, men de bar ýöne seniň ruhuň seniň didaryň maňa güýç berýar, täzeden direltýär. Deňizde gämileriň aýra düşüşi ýaly biziň hem ykbalymyzyň tersine bolany üçin gam çekme, mertlerçe götergin derdi. Men uruşdan sag aman çykyp gitmegi ýatlamalardan çykmakdan aňsat görýärin.elimden uçurdym söýgili ýarymy inde sen meniň ýatlamalar söhbetimi diňle. Wokzal, ýaryndan aýrylyp barýarsyň, öňüňde front, ak gary gyrmyzy gan örtüp barýar. Ölümli gňnler daşymy gabady men bolsa name çýindir henizem diri. Buguň eteginded ýere ýazyldym. Ölendirin öýtdüm ýöne men şindem diri. Berleniň eteginded ölup gňrdçm seretsen ýene de diri. Men sen hakdaky ýatlamalar bilen arzuwlar bilen çygly zemindede ýylanyp bildim. Sen hakdaky ýatlamalar bilen şatlugam gördüm, gamam çekdim. Sen üçin ýarym özüm ahli ölümleri öldürip bildim. Meniň sana bolan söýgim şeýle bir kämil, şeýle bir päk eýsem sen daşa öwrülenem bolsaň meniň söýgim seniň gursagyňa girip, jan berip “sen meni ýaratdyň indem sen ýaşa” diýerdi. Sen menden daşda häzir saňa ne elim ne gözum ýetýär. Emma emma bir görsem sen meniň ruhumda ýatlamaryma gelip senden maňa ýakyn adam ýok. Men bütin dünýäni seni soraglap gezýärin. Garaňky gökde egri aý maňa sorag bolup görünýar ýyldyzlar bolsa, seniň gözleriň ýaly uzakda. Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym? Kim bilýar kim maňa jogap berip biljek? Pikir ediň biziň ýaşaýan giň dünýämiz duşan hem duşmadyk ykballaň jemi. duşanlar bir ýassykda uklaýarlar duşmadyklar bolsa bir ýassygy az görýärler. Adamzadyň bagty söýdin hemme zatda üstün çykýandygyndadyr. Siz şeýle bir söýüň şeýle bir söýüliň goy gökde çyldyzlaryň gözi gitsin!!! Söýüp dünýädäki pisligi gyryň. Söýgi bilen söýün söýgi bilen söýüliň. Her hal name diýilse hem geçmişimden ökünjim ýokdur. Çünki meniň geçmişim seniň söýgiň. Meniň ykbalym bolsa seniň aýtmadyk sözleň, meni elmydam gözläp ýören gözleňdir.... (G. Ezizow söýgti sonetler çemeniniň söz bilen analizi)

Köneler, shagyzy tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir