Salam! Saýtdaky agalarym, inilerim, uýalarym, apalarym, dostlarym duşmanlarym!
Düýn Talyplaryň arhiwinde aýlanyp ýördüm welin, 9ýyl mundan ozal @Adgjmptw atly agza şu mowzugy açypdyr we menem şol mowzukdaky soraga kanagatlanarly jogap tapman siz bilen paýlaşaýyn diýdim. Belkim, siziň jogaplaryňyz meni kanagatlandyrar. Hany onda tema geçeli:
- Aslynda durmuşda düşünip bolmaýan ýapyk we syrly ylym çeşmeleriniñ öte känligini elbetde biziñ ählimizem bilýäris. Köp soraglary jogapsyz goýýan syrly dünýäniñ gör, näçe milliardlap çözülmän galan meseleleri bar. Belki ol syrlar geljekgi müñýyllyklaryñ dowamynda aýan bolar, belki-de olar indi hiç haçanam adamzat nesline äşgär bolmaz. Indi şu ýerde aýtjak bolýan zadym biziñ türkmen halkymyzyñ arasynda giñden ýaýran, ynanylmasy kyn bolan, eger ynanylan ýagdaýynda hem hiç kim tarapyndan doly we dogry düşündirilmezden, "diñe aýdylan zatlary etmeli" diýen düşünje bilen ýerine ýetirilýän "ÇILE" meselesiniñ üstünde durup geçesim gelýär. Mysal üçin, iki ýaş çatynja durmuş toýuny tutýar, ana şol ýerde iki juwan hem çileli bolýarmyşyn. Kyrk günläp toýa, ýasa barmaly dälmişin. Toýa barjak bolsa toý edýäniñ eýesi duz çalyşmalymyşyn. Bäbekleri bolansoñ ýene-de kyrk günläp äri, gelni we bäbejigi çilelimişin we ýene-de ýokardaky düzgünler. Bir zat bolsa, mysal üçin çagajyk dümewlese, ejesi ýa-da kakasy syrkawlasa dagyn boldugydyr. "Çile düşendir" diýişýäler. Nähili düşýä, nädip düşýä, näme üçin ala-böle diñe türkmen halkynda şeýle bolýar? Sorag berseñem kanagatlandyjy jogap ýok. Ýa-da "Çile" diýilýän zat aýylganç bir wirusmyka, ýa bakteriýamyka, ýa-da ol diñe türkmene Beýik Alla tarapyndan iberilen serpaý ýa jezamyka? Magtymgulynyñ, Kerim şahyryñ, Seýdiniñ, Mollanepesiñ we beýleki öwreniji, ýazyjy alym şahyrlaryñ kitaplarynda şeýle ýazgylar ýok. Bu zatlar kimiñ işikä? Kim bu zatlary açyş edip subut etdikä? Umuman "çile" meselesinde gaty kän soraglar ýüze çykýar we doly düşündiriş berip bilýän adam ýok. Diñe bir zat: "öñden gelýän zat" gadyrly agzalar, dostlar, şu mesele boýunça öz pikirleriñiz, garaýyşlaryñyz bar bolsa belläp bilersiñiz! Menä belli jogap tapmadym şu meselede...

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir