AGAMYÑ ÖÝLENIŞI

1.
Agam mugallymçylygy okap ýörkä, çarşaňňyly bir gyz bilen halaşypdyr. Kakam bu habary eşidip: —Bolubilýär. «Hökman öz obaňdan öýlenmeli» diýlen düzgün ýok. Bile okaýan bolsaňyz, okuwyňyzy gutaran dessiňize toý tutarys –diýdi. Ejem hem oba gyzlaryndan iki-ýeke göz astyna alyp ýöreniniň bardygyna seretmezden, ömür kakamyň diýenine «däl» diýmeýändigi üçin, bu pikir bilen ylalaşdy. Wagt diýeniň ýap suwy ýaly—akyp dur. Ynha-da, agam okuwyny soňlap, onuň öýlenmek meselesi çynyrgady. Ýöne şu ýerde gyzykly bir ýagdaý ýüze çykdy. Agamyň halaşany bir adamyň ýeke perzendi ekeni. Ony ogul ýerinde görüp, ulaldypdyr. Indem «Hiç hili galyň aljak däl. Ýöne, giýew boljak ýigit biziňkide gelip ýaşamaly bolar. Ine, şu şerte kaýyl bolsalar, toý sähedini belläbersinler» diýipdir. —Bäh, bu nähili bolýar-aý? –diýip, kakam, agamyň gyz tarapdan getiren geň habaryny eşidip, ejemiň ýüzüne seretdi. —«Ogluňy eliňden aljak» diýýär. Ynha, bolýany –diýip, ejem bialaç güldi. Kakam hem onuň gülküsine goşulyşyp: —Eýsem-de bolsa, öýlendireniňsoň, ogluňyň eliňden gitdigi —gara saçly mollanyň ygtyýaryna geçdigi bolar-da... –diýdi. Biz hem ýerli-ýerden gülüşdik. Getiren habaryny ýaýdana-ýaýdana aýdyp, onuň gülşüp garşylanylmagyna ekezlenen agam arkaýynlaşdy. Birdenem, gülmesini goýup, ejemem, kakamam agras keşbe girdiler. Öýde kakamyň sözi kanun hasaplanýandygy üçin, onuň kesgitli bir zat diýmegine garaşdyk. Kakam agamyň ýüzüne dikanlap seretdi-de: —Sen, ogul, ol gyzy juda söýýärmiň? –diýip, çyny bilen sorady. Şu meseleden gürrüň gozgalsa, elden-aýakdan düşüp, aljyraýan agam, «Hawa» diýen terzde baş atdy. —Çarşaňňa gidip, gaýnataň öýünde ýaşamaga-da yrzamyň? Agamyň özi hem gyz tarapyň bu şerti babatda entek kesgitli bir pikire gelmedik bolarly. Näme jogap berjegini bilmän, egnini ýygryp dymdy. Onýança-da, ejem: —Jan ogul, beýdip, bir gitseň, gözümizden uçarsyň. Aýak ýeter ýaly ýerde Çarşaňňy barmy? Bolmasa, sen nemedäý... ol gyz diýip, dyzap durman, bärden biri bilen halaşaý. Ynha, kakaňyň başlyk bilen arasy saz. Seniň üçin onuň bilen eýýäm mellegiň gürrüňini hem edip goýdy. «Okuwyny gutaryp gelip, öýlenip, özbaşdak maşgala bolan dessine, gowy ýerden bereýin» diýipdir. Sen bize gulak assaň, ýalňyşmarsyň... –diýip janykdy. Ejemiň bu teklibiniň agama ýaramaýandygy, onuň başyny aşak salyp, barha bükülişinden duýulýardy. Agamyň başga ýerli gyz bilen halaşýandygyna begenip, «Eý, olaryň obasy daglyk ýerdemişin. Gidibem göreris. Juda hezil bolar-eý» diýip, muňa öňünden begenip ýören, golaýda «dördünjä» geçen jigim Patyşaguly ejemdir kakamyň niýetini halaman, morta: —Men-ä halanymy aljak –diýdi. Kakam onuň ýüzüne näme diýjegini bilmän, gaharly seretdi–de: —Tur, güm bol şu ýerden! –diýip heňkirdi. Ejem bolsa: —Men saňa halanyňy aldyraryn –diýip, onuň böwrüne hürsekledi. —Ugra, ulularyň gürrüňine aňkarylyp oturman, mallara mellekden ot ýygyp ber. —Dogry-da, aljak diýenini alyp bilmezmi? Men-ä siziň içiňizi ýakyp, nätseňizem halanymy aljak! –diýip, jigim çykyp barşyna hüňürdedi. Onuň morta bir zat diýenine gülmän zordan saklanyp oturşymyza, Penji ikimiz «pyňkyryşdyk». Kakamyň ýüzi has-da çytyldy. Ejem: —Baryň, siz hem ugraň. Okuwyňyz bilen boluň –diýip, Penjinidir meni gyssady. Şondan soň, öýde agam üçüsi galdy.

2.

  Günortan çaý içmäge ýygnanyşsak, agam tördäki simkrowadyň üstünde başyna ýorgan bürenip ýatyr. Ejem oňa: —Tur, ogul, çörek iý! –diýse-de, «hä» bermedi. Kakam onuň bolşuny oňlaman, ejeme igenip başlady: —Ine, şuňa-da öýlenjek bolup ýören ýigit diýjeksiň. Seniň bularyň ejemogly, nalajedeýin. Başga biri bolan bolsa: «Men siziň diýeniňiz bilen boljak» diýip, eýýäm ol gyzy ýatdan çykarardy. Agam welin, ýerli-ýerden «Tur» diýsek-de, gulak asman, ýatmagyny dowam etdirdi. Agşamlyk hem saçagyň başyna gelmedi. Ertesi ertirem şeýle ýagdaý dowam etdi. Onuň iýmän-içmän, başyny bürenip, erjellik bilen ýatyşyna tap getirmedik kakam, günortan saçak başyna üýşenimizde, ejeme: —Bolmasa, goý, öýlenjek diýenine öýlensin. Çarşaňňa gidip, gaýyn öýünde ýaşasa-ýaşasyn. Birisi gideni bilen, ogluňyň soňy däl-ä –diýip, ejeme sala saldy. Ejem hem düýnden bäri bady peselen bolarly. Ylalaşyp, baş atdy: —Hawa, şeýdäýmesek, bu iýmän-içmän ýatyşyna, özüni helägem etjek. —Leýli diýip, çöle çykan Mežnunyň bar-da! –diýip, kakam başyny ýaýkap güldi. —Biz-ä şeýdip söýşübem görmändiris. Ene-atamyzyň sözünden çykyp bilmän, öýlendirenine öýlendik. —Näme, puşmanyň barmy? –diýip, ejem gatyrganjak boldy. —Ýok, ýok –diýip, kakam goluny daldalatdy. —Biz ikimiz öý bolany-myzsoň halaşdyk. Eýsem, ýalanmy? Men söýşübem senden gowusyny tapmazdym. Ejem: —Hany, tur, ogul. Kakaňyň yrzadygyny eşidensiň. Çöregiňi iý! –diýip, agamy yralady. Ol turup, el-ýüzüni ýuwup gelip, saçagyň başynda oturdy. Ýaňy bir naharlanyp ugrandan, kakam ara düşen sowuklygy dagytmak üçin, ýarym degişme bilen: —Ine, meseläni-hä çynyrgatdyk. Ýöne ol daglylaryň däbine görä, öýlenýän ýigit gelinligini göterip, ortada ýakylgy şaman oduň daşyndan üç gezek aýlamalymyşyn –diýdi. —Oglany çörek iýmäge goý! –diýip, ejem onuň sözüni böldi. —Şeýle däp barmyşyn-how. Dagly gyza öýlense, sypjak gümany ýok. Maňlaýyna, gelinligi ýeňil bolsa, ne ýagşy. Ýogsam göterip bilmese, gülşerler... –diýip, kakam sözüniň yzyny çyna ýazdyrdy. Agam uzyndan çepiksidi. Şonuň üçinem biz ýerli-ýerden kakamyň aýdan bu däbiniň agama eýgertjek–eýgertmejeginiň pikirine çümdük. Howsala düşen Patyşaguly: —Aga, beýle bolsa, hol sygyr döläniň ýanynda ýatan, arabanyň  köne okuny göterip türgenleş –diýdi. Muňa hemmämiz hezil edip gülüşdik.

3.

Agamyň toýy gyzykly geçdi. Ilki obada, soňra Çarşaňňyda —gyzyň öýünde toý etdiler. Ol toýa diňe ulular gitdi. Gelnejem owadan, dogumly gyz ekeni. Özem kiçigöwünli. Aradan biraz wagt geçensoň, kakam goňşymyza «Mal-garamyza esewançylyk edip ber?» diýip, bizi Çarşaňňa —agamyňka gezelenje alyp gitdi. Ol wagta çenli mekdepde sapaklardan synaglarymyzy tabşyryp, täze okuw ýyly gelýänçä boşaşypdyk. Agamyň gaýynatasyna Mustapa aga diýýär ekenler. Ol ýaşy kakama görä galarajyk, ýöne zeberdes daýaw adamdy. Öýleri dagyň  tekizleç ýerindedi. Gapylarynda, eýlesine-beýlesine on bäş ädimlik, inedördül kiçijik mellegi bardy. Ony hem dagyň daşyny irginsizlik bilen adam boýy çuňlukda gazyp, içini goýun çörüne garylan toprakdan dolduryp, dürli-dümen zat ekipdir. Bir böleginde bolsa limon ýetişdirýär. Hojalygynyň gögüni şondan öndürip, artykmajyny hem bazarda satýar. Melleginiň gürrüňini edende, hakyt, altyn ýumurtga guzlaýan towugy bar ýaly, apalaýar. Agamdyr gelnejem oba mekdebine ýerleşip, okuwlar başlandygy sapak beribermeli bolupdyrlar. Özlerem, juda agzybir, äbede-jüýje ýaşaşýardylar. Dokuzlary düzüw, zada zar däldiler. Agam Mustapa aganyň çaklaňja melleginiň gapdalyndan täze mellek ýeri açynýardy. Uzynly gün dagyň daşyny buraw bilen deşip, isgene bilen çapyp, kem–kemden çuňaldýardy. Dag howasy, agyr iş parap, biraz daýawlaşypdyram. Şeýle-de bolsa, özli-özümiz galanymyzda, ejem kakama: —Oglumyzy-ha dag gazýan Perhada dönderipdirler. Gara iş edip görmedik görgülijik, uzynly gün düňküldedip, şol çukurdan çykanok –diýip zeýrendi. Kakam oňa: —Goý, işlesin. Şeýdip  edinen melleginiň gadyryny-da biler. Ondan öndüren zady hem bal ýaly bor. Biz —ol mellegimiziň gadyryny bilmän, atgaýtarym ýeri çaýra basdyryp goýýan. Şundan bardygym, edişime bir seret mellegimizi! –diýip, ejemi köşeşdirip, bize ýüzlendi: —Görüň, hanha, ýok ýerinde mellegiň gadyrynyň nähilidigini! Ine, agamyň öýlenişi şeýleräjik boldy.


Hemra ŞIR

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir