GIRDAPDAKY GELIN

Şu makalany ýazmak niýetim ýokdy. Ýöne şol gelniñ, onda-da iki çaganyñ enesiniñ ikinji gezek gelmegi meni galama ýapyşmaga mejbur etdi. Boýun almagymyz gerek, biziñ aramyzda heniz sowet döwründen alan terbiýämiziñ täsirinden çykyp bilmeýänlerimiziñ barlygy hakykat. Ýogsam şol gelin ilkinji gezek gelende öz durmuşynda bolup geçýän ýagdaýy bassyr-ýussursyz gürrüñ beripdi. Şonda bize - žurnalistlere igenipdem. Sebäbi, onuñ aýdyşy ýaly, metbugatda ahlak temasyna degişli çykyşlarda köplenç aýal maşgalalar günäkärlenilýär. Negada bir arak içip, ilden çykyp ýören barada ýazylaýmasa, köplenç şol temadaky çykyşlarymyzyñ baş gahrymanlary aýal-gyzlar. Dogrudanam, ahlak bozuklykda olary tankytlama kemini goýamzok. Ýöne welin bozuklygyñ döremeginiñ düýp sebäpleri barada eger-eger agzamaýas. Ýaş maşgalalaryñ dargamagynda köplenç aýal-gyzlar günäkär bolup çykaýýardy. Soñ-soñlar aýal-gyzlaryñ alyp-satarlyk bilen meşgul bolýandygyny, köp wagtlaryny maşgala ojagyndan alysda, gaýry döwletlerde geçirýändigini, daşary ýurtlarda zatdyr pul üçin tenini satyp ýörenleriniñem bardygyny dile getirmäge başladyk. Biz şonda hamala erkek kişiler aýallary uzak sapara ugradyp, özleri öýüñ keşigini çekýän ýaly suratlandyrjak bolduk.
Ýöne şol gelniñ maña ýazmagy teklip eden zady başgady. Ol turuwbaşdan özüniñ adyny ýazmazlygymy, berjek gürrüñiniñem türkmen aýal-gyzlaryna peýdasynyñ ýetse-ýetip, zyýanynyñ ýetmejegini aýtdy. Soñra ol özüniñ metbugatda ahlak temasyna degişli edilýän çykyşlary uly gyzyklanma bilen yzarlaýandygyny, özüniñ meniñ ýanyma gelmegine žurnalist Amanbibi Muhammedowanyñ bir makalasynyñ sebäp bolandygyny gürrüñ berdi. Geliñ, gowusy, menem onuñ gürrüñlerini size ýetireýin:

- Men çeper eserleri köp okaýaryn. Öýde ýüregimiñ gysan wagty ähli derdimi şolar bilen paýlaşýaryn. Şeýle ýagdaýlaram indi 17 ýyldan agarak wagt bäri gaýtalanyp dur. Men size ähli zady - özümiñ düşen ýagdaýymy bolşy-bolşy ýaly aýtmakçy. Ilçilikdir, belki, meniñ bilen ykbaldaş gelinler başga-da bardyr. Özüm-ä şolaryñ az däldigine ynanýan.
Durmuşda köplenç ýazylan kanunlardan çykman hereket edilýär. Ýöne ýazylmadyk kanunlaryñam kalbyñy lerzana getirýän, durmuşda bialaç goýýan, çagalaryñ, ýanýoldaşyñ, ene-atañ, dogan-garyndaşlaryñ öñünde ýüzügara edýän pursatlaram bolýar. Durmuş-da bi. Onuñ şarñyldap ýatan ak ýoly hemme kişä miýesser edip duranok. Ylaýta-da, oba gyzlarynyñ käbirlerine häzirki döwrüñ ösüp barýan kakabaş we diýenetmezek, özdiýenli terbiýesi belli bir derejede täsir edýänem bolsa, olaryñ köpüsi ene-atalarynyñ aýdan-diýenlerinden çykyp bilmän durmuşyñ çarkandakly ýoluna özüni atýarlar. Soñra ökünilýärem welin, arman, giç bolýar-da...
Men orta mekdepde erbet okamandym. Özdiýenlidim. Klasymyzdaky oglanlaryñ ýekejesem maña habar gatyp bilen däldir. Habar gataýsalaram men olara razy boljak däldim. Hakykaty boýun alsam, öz deñ-duş oglanlaryma göwnümem ýetip duranokdy. Başarsam olaryñ üstünden gülýärdim. Öýde-de öz diýenimi etdirýärdim. Ejem meni oñat görýärdi. Otursam-tursam tertipli bolmagymy, oglanlar bilen bälçireşip ýörmeli däldigimi gulagyma guýýardy. Özümem okuwdan boş wagtlarym öýde haly dokaýardym. Şonuñ üçinem deñ-duşlarymyñ geýmeýän egin-eşiklerini geýýärdim.
Orta mekdebi gutarýançam bir oglana-da göwün bermedim. Ýogsam özümden 1-2 ýaş uly oglanlaryñ ikisi maña söýgi hatyny ýazypdylar. Olaryñ hatlaryny biperwaýlyk bilen ýyrtyp zyñyp goýberipdim. Mekdebi tamamladym. Ähli güýmenjän el işleri, haly-palas dokamakdy.
Ejemiñ goñşy obadaky aýal dogany öýümize ýygy-ýygydan gatnaýardy. Onuñ meni özüm bilen ýaşytdaş ogluna alyp bermekçi bolýandygyny bilýärdim. Ýöne ony soñky 5-6 ýyllykda görmändim. Asyl men ony görmelidir, gürleşmelidir öýtmeýärdim. Iş gyzza-gyzza gelende men näme etjegimi bilmedim. Bir tarapdan, ejemiñ dynuwsyz gulagymy gazap durmagy, ikinji tarapdan, söýgi meselesinde biparhlygym meni bipalaçlygyñ girdabyna oklady. Ýene bir ýyl, ýarym ýyl garaşaýaly diýen sözlerim alga alnyp, bergä berilmedi. Şeýdibem, birek-biregi onçakly tanamasak-da, hüý-häsiýetimizi bilmesek-de, toý edildi.
Baran oglanym geplemezek, ýuwaş eken. Oba oglanlarynyñ biri bilenem tirkeşenokdy. Asyl syr alşyp, syr berişýän ýoldaşy ýokdy. Ertirden agşama çenli wagtyny öýde oña-muña güýmenip geçirýärdi. Köplenjem törde içini hümleder ýatardy. Goşundan golaýda boşap gelensoñ, hiç ýerde işlänokdam. Bu zatlary menden närazy bolup edenokdy, maña gaty-gaýrym sözem diýenokdy. Onuñ asyl tebigaty şeýledi.
Men beýle tukatlyga öwrenişmeýärdim. Men degişmäni, gülüşmäni halaýardym. Emma adamym meniñ bilen-ä däl, eýsem, ene-atasy, doganlary bilenem göwün açyşyp gürleşmeýärdi. Goñşy-golamlar bilen barşyp-gelişmek bu maşgala ýatdy. Men gaýyn öýümden, adamymdan sowap ugradym. Bu öýe gelin bolup gelenime içim ýanyp aglaýardym.
Gaýyn öýümde ýarym ýylam ýaşap bilmedim. Bir gün öýümize gelip, ähli gaharymy ejemden çykardym. Gygyrdym, agladym, asyl diýmesiz zatlaram diýdim. Ýöne ene - ene bolýar-da. Ol meni köşeşdirdi. On gün ýaly bolanymdan soñ ýene yzyma - gaýynlaryma alyp gaýtdy. Ejemiñ gaýnenem bilen näme gürrüñ edendigini bilenok, ýöne şondan soñ biziñ öýümizi aýyrdylar. Emma ýagdaý üýtgemedi. Ikiçäk wagtymyz şunça gepletjek, gürrüñe goşuldyrjak bolýardym welin bolanokdy. Diñe soran zadyña "Hawa" ýa-da "Ýok" diýip jogap berýärdi. Gurluşyk guramalarynyñ birinde işlänsoñ, aýlyk gazanjam erbet däldi. Çilim çekmänsoñ, arak içmänsoñ aýlygynyñ başyny bozman getirip berýärdi.
Ilkinji çagamyz dünýä inensoñam indi ile goşular, öýümiz alaýaz bolar diýen umydym puç boldy. Öýe dogan-garyndaşlary myhmançylyga gelse-de, olar bilen onçakly gürleşip baranokdy. Onsoñ özüm oda galýardym. Olar göwünlerine hiç zat getirmesin diýip, özüm gürrüñe goşulmaly bolýardym. Şonda-da adamym maña gaty-gaýrym söz aýtmazdy.
Ikinji çagamyz dünýä inensoñam, ýagdaý üýtgemedi. Bu ýagdaý meniñ halys degnama degdi. Islendik meselede biziñ häsiýetimiz deñ gelmeýärdi. Biz durmuş ummanynda deñ ýüzüp biljek däldik. Şonuñ üçinem nikamyzy bozmagy ýüregime düwdüm. Muña onuñ özem, ene-atalarymyzan kes-kelläm garşy çykdylar. Şonda-da men öz diýenimi tutdum oturdym.
Bizi halk sudy aýrylyşdyrmady. Sebäbi aýrylyşmaga sebäp ýok diýen netijä gelindi. Bir gün suduñ jaýyndan çykyp gelýärkäm, maña ilkinji gezek söýgi hatyny ýazan oglana gabat geläýdim. Ol bir edaranyñ ýolbaşçysydy. Ol meniñ ýagdaýyma juda gynandy we hereketlerimiñ nädogrudygyny aýdyp, köşeşdirmäge çalyşdy. Özüniñ üç çagasynyñ, agzybir maşgalasynyñ bardygyny gürrüñ berdi. Mekdep ýyllarymyzy ýatlap gülüşdik, degişdik. Men şondan soñ açylyşdym. Şonuñ kömegi bilen adamym bilen ýene bile ýaşap başladym. Ýöne men şol oglany görmesem öýde karar tapmaýardym. Şonuñ üçinem bahana bolsa-bolmasa onuñ işleýän ýerine gelerdim, gürleşerdim. Her gezegem ol çagalarymyñ hatyrasyna adamym bilen bile ýaşamalydygymy sargaýardy. Onuñ bilen gürleşip oturan gysgajyk wagtymy gije-gündiziñ galan wagtyna deñ görerdim.
Ilki-ilkiler meniñ ahlak taýdan bozulmak niýetim ýokdy. Dogrusyny aýtsam, ol-a maña şeýle ederem öýdenokdy. Meniñ bilen açyk göwünli, bassyr-bussursyz gürrüñ ederdi. Ýöne men welin, onsuz ýaşap biljek däldim, onuñ maşgala binýadynyñ sütünini gowşatmagam islämokdym. Ol bolsa, içiñi ýakaýyn diýen ýaly, her gezek bir gürrüñ tapyp, meni güldürerdi, şähdimi açmaga çalşardy.
Bir gün onuñ iş otagynda ikiçäk otyrkak özümiñ maksadyna ýetip bilmändigime gahar edip agladym. Ol meniñ maksadymy bilmeýärdi. Şonuñ üçinem meni köşeşdirjek bolup, daşymda hozanak bolýardy. Meniñ welin, agladygymça aglasym gelýärdi. Durmuşda ýeñlen adam aglamakdan başga näme etsin diýsene!...
Ol meniñ elimden tutup, ýokary turuzdy. Şol wagtam meniñ gözüm garañkyrap, essim aýylyp ugrady. Ol men ýykylmaz ýaly gujaklap oturgyçda oturtdy. Suw berip özüme getirdi. Şondan soñ men utanç-da bolsa, özümiñ onsuz ýaşap bilmejegimi aýtdym. Şeýdibem biz, kanuny är-aýal bolmasagam, ýakyn gatnaşyk edip ugradyk.
Biziñ ikimizem biri-birimiziñ ýagdaýymyza düşünýäris. Men-ä onsuz ýaşap bilemok. Olam meniñ maşgalamyñ bozulmazlygy üçin elinden gelenini edýär. Bu ýagdaýy indi 10 ýyl bäri ikimizden başga hiç kim bilenok. Asla başga adamlaryñ bilmegini islämzogam. Eger biz aragatnaşygymyzy kesäýsek, onda meniñ adamym bilen ýaşaşyp bilmejegime gözüm ýetýär. Öýde adamyma, çagalaryma gaşymy çytman hyzmat edýärin. Adamym meniñ ahlak taýdan bozukdygymy bilenok. Onuñ dymma häsiýeti bilenem öwrenişdim. Ýöne ony hiç wagt sulhum alanok. Onsoñ onuñ bolşuny indämogam.
Öñem aýdypdym, meniñ ýaly güne düşen gelinler başga-da bardyr. Bilýän, meniñ hereketlerimi ýazgarjaklar köpdür. Özüm-ä öz hereketlerimde nädogrulyk bardygyny bilemok. Men bozuklyga çagalarymy ataly ýetim goýmajak bolup ýüz urdum. Käwagtlar şu işimi indi goýaýyn diýibem pikir edýärin. Ýöne enteg-ä başaramok. Eýsem, men näme etmeli? Kim ahlak bozuklygyny meslikden etse, kim mejburylykdan edýär...
Ine, ahlak temasy barada ýazanyñyzda, şular ýaly zatlary hem aýdyñlaşdyryp, meseläniñ düýp özenine göz ýetirip ýazyñ...

Gelin dymdy. Ol indi menden jogaba garaşýardy. Onsoñ men oña ýaşynyñ ulalyşyp barýandygyny, nädogry hereketleriniñ bu gün bolmasa, ertir üstüniñ açylaýmagynyñ mümkindigini, bu ýagdaýyñ çagalarynyñ, ene-atasynyñ ýüzlerini ýere saljakdygyny aýtdym. Ol aýdanlarymy birbada makullasa-da, soñ ylalaşmady. Eýsem, men oña başga näme jogap berip bilerdim...

Gurbanberdi GOÝUNLYÝEW.

Sorag-jogap, ETIKA tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir