Ýazda 8 sany fudbolçy "Ýuventus"dan gitmegi mümkin.

Italianyñ "Ýuventus" topary oýunçylar düzimine özgerişleri gizirmegi maksat edinýär. Topar düziminden Blez Matýuidi, Mattia De Şilo, Sami Hedira, Daniele Rugani, Federiko Bernardeski, Luka Pellegrini, Gonsalo Iguain we Kristian Romerolar gitmegi mümkin. "Turin"likler topary düzimini ýaş zehinli oýunçylar bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýär, şýle hem ýokardaky sanalan fudbolçylar özlerine tölenýan aýlyga mynasyp derejede meýdanda netije görkezip bilenok diýip hasap edilýär. "Ýuventus" topary  transfer bazarynda köpläp harytlary amala aşyrmagy meýilleşdiýär. Toparyñ sport direktory Fabio Partiçi "Napoli" hüjimçisi Arkadiuş Milik, "Fiorentina"dan Federiko Keza, "Roma"dan Nikolo Zanolo ýaly fudbolçylary satyp almak niýetindedigini nygtaýar.

Maglumat üçin "Ýuventus" geçen 33-nji tapgyrda görkezen netijesi:

Sassuolo       3-3      Ýuventus
Filip Džuriçiç (29')                Danilo (6')
Domeniko Berardi (51')     Gonsalo Iguain (12')
Françesko Kaputo (54')     Aleks Sandro (64')

Stadion: Stadio Mapei - Citta del Tricolore
Baş emin: Paolo Waleri

Indiki 34-nji tapgyr 21/iýul/00:45

Ýuventus  vs  Lassio

Stadion: Allianz Stadium
Baş emin: Daniele Orsato

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir