Siz öz duýgularyňyza erk edip bilmän, ujypsyzja zada hem gaharlanýan bolsaňyz, näme etmeli?
1. Gaharyňyzy daşyňyza çykarmaga howlukmaň. Biraz säginip, on gezek uludan dem alyň. Bu size biraz köşeşmäge, gaharyňyzy getiren adama bolsa pikirini jemlemäge, artykmaç gynandyrjak sözleri aýtmakdan saklanmaga kömek eder. Mümkin bolan ýagdaýynda gaharyňyz ýatyşýança, otagdan çykyp gidiň.
2. Köşeşdiriji usullardan peýdalanyň. Gaharyňyz gelip başlanda, ýörite dem alyş maşklaryny ýerine ýetiriň, gözüňizi ýumup, tebigatyň ajaýyp görnüşlerini göz öňüne getiriň, rahatlandyryjy saz diňläň. Gündelik ýörediň-de, ähli nägileligiňizi kagyza ýazyň.
3. Bir-iki sany fiziki maşky ýerine ýetiriň. Bedenterbiýe maşklar edilende, beýnide bagt gormony hasaplanylýan endorfin bölünip çykýar we adamyň şähdi açylýar, keýpi göterilýär. Gahar-gazaby bedende fiziki agram salma arkaly ýeňip bolýandygy tebigy hadysa. Şol sebäpli hem ylgamak, haýdap ýöremek, ýoga bilen meşgullanmak, egilip galmak, oturyp turmak ýaly maşklar size köşeşmäge kömek eder. Mundan başga-da, öýleri ýygnaşdyrmak, arassalamak hem peýdalydyr.
4. Köşeşeniňizden soň, bolup geçen ýagdaýy ara alyp maslahatlaşyň, öýkeleşen adamyňyz bilen gürrüňdeş boluň. Öz pikiriňizi äsgermezlik, ulumsylyk äheňinde beýan etmäň. Diňe öz aýdýanlaryňyzy dogry hasaplamaň. Ol ýa-da bu mesele babatda başga adamlaryň hem pikiriniň bardygyny ýatda saklaň.
5. Söhbetdeşiňize öz pikiriňizi sylanşykly beýan ediň. Siz "Sen hemişe içerini döküşdirýärsiň" diýmegiň ýerine "Men seniň içerini ýygnaşdyrmandygyňa gynanýaryn" diýen sözleri aýdyň.
6. Ýerlikli degişme hem dartgynly ýagdaýy gowşadyp biler. Ýöne bir zadyň üstünden güljek bolup, kakdyryp gürlemegiň geregi ýokdur.
7. Siziň gaharyňyzyň gelmegine sebäp bolýan meseleleriň çözgüdini gözläň. Çagaňyz sapaklaryndan ikilik alan bolsa, onuň öý işlerini barlaň, mugallymlary bilen duşuşyp, söhbetdeş boluň. Ýan ýoldaşyňyz agşamlyk naharyna gijä galyp gelýän bolsa, onda saçagy gijiräk ýazyp, taýyn ediň. Gahar-gazap meseläni çözmän, eýsem ony has kynlaşdyrýar. Şuny hiç haçan unutmaň.
8. Adamlaryň hemmesi siziň göwnüňize ýarap bilmez. Siz gaharyňyzy getiren adamy bagyşlamaga çalşyň. Gerek bolsa, ondan ötünç soraň. Şeýle etseňiz, adamlar bir-birine has mähirli bolar.
9. Psihologlar, adamynyň öz öňünde goýýan maksatlaryna ýetip bilmedik ýagdaýynda içki agressiýanyň (gazaplylygyň) toplanyp, ownuk durmuşy hadysalaryň üsti bilen ýüze çykýandygyny belleýärler. Şol sebäpden öz öňüňizde mümkinçilikleriňize laýyk gelýän maksatlary goýup, olara ýetmäge çalşyň. Wagtlaýyn döräp biljek kynçylyklara taýyn bolup, olaryň çözgüdini tapmaga, sizi içki oňaýsyzlyga sezewar edip biljek zatlardan halas bolmaga ymtylyň.
Şu ýönekeýje maslahatlar size gahar-gazaby özbaşdak ýeňip geçmäge, oňaýsyz ýagdaýlardan mynasyp çykmaga kömek eder.
Pygamberimiz aydypdyr:
Bir adamyn gahary gelen wagty dik duran bolsa otyrsyn, otyran bolsa yokary galsyn diyipdir.
Yene bir hadysda "Gahar sheytandyr sheytanam otdandyr, oda suw guysan ocher, shonun uchinenem kimin gahary gelse gusul alsyn, yada taret alsyn diyipdir"
Gaharyňy nädip ýatyrmaly?
-
MrOKaS
4 years ago
- Gaharyn gelen wagty name etmelidigi ine shulardan ybarat in yakynda duran oturgychdyr stoly guyjiniz yetdiginden tuw tarakay edip atyn gaharynyz getiren adamy bolsa yumrugynyz bilen "hydyşyk"...))))
yashalym 4 years ago- Gahar gelende sularyn hijisem yadyna dushmez