Irlandiýaly urşujy, garyşyk söweş sungatynyň ussady Konor Makgregor özüniň sport karýerasyny soňlandyrandygyny habar berdi. Ol: – Men uruşdan gidýärin. Hemmäňize beren goldawlaryňyz üçin köp sagboluň. Meň üçin ajaýyp gezelenç boldy – diýen setirler bilen hoşlaşygyny öz twitterinde beýan etdi. Irlandiýaly urşujy şeýle netijä 3-nji gezek gelýär, ýagny 3-nji sapar sport bilen hoşlaşýandygyny aýdýar. Mundan öňki 2 hoşlaşygyndan soň, sporta täzeden dolanan 31 ýaşly Makgregoryň ýene-de gaýdyp gelmegi mümkin. Meşhur türgen 2016-njy ýylyň aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň martynda sport bilen hoşlaşypdy. Makgregor soňky gezek şu ýylyň ýanwar aýynda Donald Serrone bilen ringe çykyp, garşydaşyny ýeňlişe sezewar edipdi. Makgregor karýerasy boýunça 26 duşuşyk geçirip, şolaryň 22-sinde ýeňiş gazandy. 4-sinde ýeňildi.

Çeşme:Turkmenportal.com

Sport, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir