Keşt eýledim,gezdim yşgyň dagyndan Ne beladyr,kimse çeker bu derdi? Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, Gök titreýip,çekebilmez bu derdi. Yşk eser etmese,ýanmaz çyraglar, Yşka düşse,guşlar eňrär gurt aglar, Egiler haýbatly,kuwwatly daglar, Daşlar erip,çekebilmez bu derdi. Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana? Pelek gördü-gorkup düşdi gerdana Zemin jünbüş eýläp oldy lerzana, Çöller-düzler çekebilmez bu derdi. Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne, Tamug gorkup inmiş ýerin teýine; Gaçdy derýa,aldy adam boýuna. Dört ýüz ýyllap çekebilmez bu derdi. Magtymguly,çekseň derdi düwünden, Ajy bolup,şikaýet etme bu gunden. Bu ölmek,aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi...

Köneler, gerkez tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir