Awstraliýaly hünärmenler internet baglanyşygy tizliginde dünýäde rekord goýdular – sekuntda 44,2 terabaýt. “Monash”, “Swinburne” we RMIT uniwersitetleriniň bilelikde alyp barýan taslamasynyň çäklerinde häzire çenli ýetilen iň ýokary tizlik hasaba alyndy. Bu tizlik 1000 sany ýokary durulykdaky filmi bir sekuntda kompýutere göçürip almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýä iň ýokary tizlikli internet Singapurda hödürlenýär. Bu ýerdäki internetiň ortaça tizligi 197,3 mb. Tizlik rekordy goýlan Awstraliýada bolsa bu görkeziji ortaça 43,4 MB.

Chesmesi:turkmenportal

Täzelikler, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir