Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary auksionda rekord möçberli $560 müňe satyldy
Nýu-Ýorkdaky auksionda rekord möçberli $560 müňe basketbolçy Maýkl Jordanyň sport aýakgaby satyldy. Bu barada ren.tv habar berýär.
Onuň aýakgaby satyjylaryň çak edişinden hem dört esse ýokary baha satyldy diýip, Sotheby’s auksion öýi habar berýär. Sotheby’s ony $100-150 müňe satmagy göz öňünde tutupdy. Bu aýakgapda Jordan özüniň ilkinji 84/85-möwsüminde çykyş etdi.
Belli bolşy ýaly, sport aýakgaby Nike firmasynyň Air Jordan 1 seriýasyndan satyldy, olar NBA “Çikago” klubynyň reňklerinde ýerine ýetirilen. Söwda Nýu-Ýorkda 8-nji maýda başlap, 17-nji maýda tamamlandy.
Bu lot 1972-nji ýylda çykarylan Nike firmasynyň Moon Shoe seriýasynyň sport aýakgaby tarapyndan goýlan rekordy täzeledi. Şonda sport aýakgaby Kanadadan kolleksioner Maýls Nadala 437,5 müň dollara düşdi.
Jordan NBA-nyň meşhur oýunçysy hasaplanylýar, ol Çikagonyň klubynyň düzüminde alty gezek çempion we Olimpiadanyň iki gezek altyn medalynyň eýesi boldy. Şeýle-de, ol yzygiderli çempionatyň bäş gezek iň gymmatly oýunçysy boldy (MVP) we liganyň ähli ýyldyzlarynyň Oýnuna 14 gezek gatnaşdy, onda hem üç gezek iň gymmatly oýunçy diýlip saýlanyldy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir