«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlary bes etmeginiň möhletini uzaltdy
«Türkmenhowaýollary» agentligi dünýäde COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly halkara gatnawlaryny bes etmeginiň möhletini şu ýylyň 20-nji iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada ArzuwNews habar berýär.
Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.
Ýatlatsak, mundan öň, «Türkmenhowaýollarynyň» halkara gatnawlary 20-nji maýa çenli ýatyrylypdyr.
Belläp geçsek, Türkmenistanda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi.

Täzelikler, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir