«Türkmenhowaýollary» Aşgabat — Balkanabat howa gatnawyny ýatyrdy

2020-nji ýylyň 11-nji maýyndan «Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabatdan Balkanabada gatnaýan gatnawy ýatyrdy. Mundan öň, bu gatnaw hepdede 2 gezek amala aşyrylýardy. Bu barada agentligiň habaryna salgylanmak bilen ArzuwNews habar berýär.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda içerki gatnawlar terminalyndan her günde iki gezek amala aşyryljak howa gatnawlarynyň sanawy neşir edildi. Bu gatnawlar şu ugurlar boýunça amala aşyrylar:

• Aşgabat – Türkmenabat - Aşgabat

• Aşgabat – Mary - Aşgabat

• Aşgabat – Daşoguz - Aşgabat

• Aşgabat – Türkmenbaşy - Aşgabat

Goşmaça maglumat almak üçin awiagatnadyjynyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: 39-17-17

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir