Adam ömrüni bir gezek ýaşarmyş. Ynsan ömrüniň sanalgyja soňky günlerini öz dogduk ilinde ýakynlarynyň ýanynda ýaşap, ýalançydan ötse, oňa gynanç bildirip, dady-perýat edilip, ahyrky ýoluna ugradylmagyna könelerimiz “abraýly ölüm” diýer ekenler. Adama ýamanlyk üçin “duluňda süýnme” diýlip gargyş edilmegine hem şu ýagdaýda düşünip galýaň.
Edil ýaňy bir habar gulagymyza degdi. Ýagny, birnäçe ýyl mundan öň ýurtdan gaçyp giden, ömrüniň soňky günlerini Şwesiýada ýaşan Ak Welsaparyň koronawirus ýokanjynyň netijesinde ýogalandygyny eşitdik. Öleniň yzyndan onuň diňe gowy tarapyny ýatlap gürrüň açylarmyş. Emma, bu “görgüliniň” halaly-haramy bir hatara düzüp ýurdunyň, halkynyň garşysyna galat söz aýtmakdan başga bitiren işi bolmandygy üçin näme aýtjagyňy hem bimeýärsiň. Işi-pişesi türkmene şyltak atmak bilen boldy. Ömrüniň köp bölegi gybat bilen geçdi. Türkmenistanda galan garyndaşlary munuň masgaraçylyklaryndan halys bolup, iň soňunda-da olaryň özünden ýüz döndermeklerine sebäp boldy. “Ölýänçäň ýüzüňi görmeris” diýip oňa nälet okan garyndaşlary onuň ölensoň hem ýüzüni görüp bilmediler. Onuň soňky deminde “ýurdum” diýip syzlamadyk bedeni, indi jansyz jesede öwrülen soň, oňa eýe çykan bir tapylarmyka?! Ýat ýurtda ölüňe aglajagam-a ýok! Diri wagtyň dostuňam bolandyr, ýoldaşyňam. Emma, ýurduny täzeläp, çyn dünýä gidenden soň welin, hat-da özüni ildeş saýyp ýören Halmyrat Söýün ýalylar hem onuň soňky çykdajylary üçin sadakasyny sarp etmez.
Diýmek, onyň ol ýerlerde adam hökmünde musulmançylyk bilen soňky ýoluna ugratjak ne ili bar, ne-de ýurdy! Bu işlerinden soň Ak Welsapar özüni o dünýede aklap biljegi-de belli däl. Sol sebäpli onuň eden ähli günäleriniň geçilmegini diläliň!

Täzelikler, Turkmengalaa tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir