Beterinden saklasyn...

Bir gün ymmatymyz Muhammet salawat aleýhi wessellem we Hezreti Aly şir-huda hem ulamalar üýşüşip Metjide namaz okamaga barýarlar. Ýa bissimilla namaz okap bolanlaryndan soňra, nirdendir-birýerden bir dogabitdi(ejesinden dogulany bäri şeýle) akyly-kem ýaş oglan elem-tas(üsti-başy hapa, haşylap, hereketleri bir-hili) bolup gelip, Metjidiň bir gapdalyragynda tezek(ekskriment) edip-taşlaýar. Bu ýagdaýy hemmeler görýär. Herkim her ýandan "Bu näme etdigiň" diýişdiler. Hezreti Aly şir-huda gazaba münüp gylyjyna ýapyşýar. Hemmeleri, Ymmatymyz Muhammet salawat aleýhi wessalam köşeşdirip:
- Adamlar köşeşiň. "Beterinden saklasyn" diýiň. Beýleeräk süýşeliň. - diýip adamlara duýdurupdur. Hezreti Aly şir-huda:
- Mundan beter näme bolsun!? - diýip bu hem aňyrrak süýşüpdir. Ýaňky kem-akyl oglan jübsinden bir tokga kesek çykaryp, öz bitiren tezeginiň üstüne zyňypdyr-tezek ulurak ýere syçrapdyr, emma tezek hiçkime degmändir. Ymmatymyz Muhammet salawat aleýhi wessellem ýene:
- Beterinden saklasyn!!! - diýip galypdyr.


Awtory: Halk arasyndan
Ýazuwa geçiren: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir