Türkmen raýatlaryny koronawirus pandemiýasy zerarly daşary ýurtlardan alyp gaýtmaklyk dowam edýär

Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlaryny Watanymyza getirmek boýunça işleri dowam edýär. Ilkinji nobatda, bu işler koronawirus pandemiýasy gözegçilik edilýän ýurtlardan amala aşyrylýar. Ýurdumyza getirilýän raýatlarymyzyň içinde dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem bar.
«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Hytaýa birnäçe göni gatnawlaryň gurnalmagy netijesinde müňlerçe türkmenistanlylar ýurdumyza dolanyp geldiler. Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň HHR-de ýaýrap başlan wagtynda bu hili çäreleri gören ilkinji döwletleriň biridir.
Şunda milli awiakompaniýamyzyň howa gatnawlarynyň her birinde wirusolog lukmany we beýleki hünärmenler boldy. Olar howa gämisiniň özünde raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edip geldiler.
2019-njy ýylyň ahyryndan öň, Hytaýda türkmen ýaşlarynyň uly topary bardy. Emma Hytaýda howply ýokanç keseliň ýaýramagy baradaky habarlaryň netijesinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen raýatlaryny HHR-den ýurdumyza dolap getirmek baradaky görkezmeleri berdi.
Şondan soňra Türkiýeden, Belarusdan, Russiýadan we beýleki döwletlerden türkmen raýatlaryny alyp gaýtmak boýunça ýörite gatnawlar gurnaldy. Bu günki gün Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary, Döwlet migrasiýa gullugy bilen utgaşyklylykda awiagatnawlaryň dürli ugurlary işlenip düzülýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanda bu howply ýokanç keseliň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreler görüldi, serhet we gümrük nokatlarynyň ählisinde sanitar-epidemiologik gözegçiligi we lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi, infragyzyl we elektron termometrler bilen toplumlaýyn öňüni alyş, düşündiriş işleri geçirilýär
Türkmenistana dolanyp gelen talyplar babatda aýdylanda, olarda internet-platformalara geçen ýokary okuw mekdeplerinde uzak aralykdan okuw işini dowam etmäge mümkinçilikleri bar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir