NOWRUZ BAÝRAMYÑYZ GUTLY BOLSUN!

Nowruz baýramy gelip ýetdi. Nowruzy türkmenler gadym döwürlerden bäri belläp
gelipdirler. Meniñ çak edisime görä, Nowruz bize öz halkymyzyñ etnogenezinde
uly rol oýnan parfiýaly ata-babalrymyzdan miras galan bolmaly. Çunki ”Nowruz”
diýmek pehlewi dilinde – ”Täze gün” diýmegi añladýar. Nowruz gije bilen gündüziñ
deñleşýän günüdir. Şol günüñ ertesini Täze ýylyñ birinji güni diýip ykrar etmek we
ony tebigatdaky ullakan öwrülişik diýip dabaralandyrmak däbi irki döwürlerde
başlapdyr.

Meger, bu türkmen halkynyñ ekrançylyga we oturymly ýaşaýyşa geçen
taýpalarynda has tebigy we has dabaraly baýramcylyga öwrülendir. Sebäbi
çarwalar üçin Täze ýylyñ alamatlary Nowruzdan biraz irräk başlanýar.
Ýalñyşmaýan bolsam, ol gün Europa sene hasaby bilen 22-nji fevrala gabat gelýär.
Depe-düzleriñ ýaşyl öwüsmegi we täze dogan guzularyñ enaýyja mäleşmesi
çarwalar üçin Täze ýylyñ iñ ýakymly alamatlarydyr. Goýykmak we oguz süýdi bu
dabarany has-da artdyrýar.

Emma çyn Nowruz gelende onuñ lezzeti aýratyn bolýar! Howa şol günlerde iñ
soñky gezek diýen ýaly bir bozulyp, çalaragedin sowap alýar-da, soñra ymykly ýaz
günleri gelýär, daşary gutarnykly maýlap, uly il ýaza çykýar. Töweregiñ görki
artyp, miweli baglar gülläp, guşlar adam dilinde gürläýjek-gürläýjek, adamlaram
guş dilinde saýraýjak bolýarlar!..

Sovet häkimiýeti döwründe Türkmenistanda Nowruz baýramy resmi taýdan
bellenmezdi, bellänlerem halanmazdy. Şonuñ üçinem bu baýram ýuwaş-ýuwaşdan
galyşdy, ýiteñkirledi. Ýadyma düşýär, biz oglankak obalarda entek her halda
Nowruz azda-kände ýatlanardy. Köne däpleri saklaýan obalarda ýek-tük semene
bişirenem tapylardy. Göwni jomart adamlar goñşy-golama her hili süýji zatlary
dadyrmaga çalşardylar. Emma soñ-soñlar bu zatlar galyşdy, Nowruz günleri-de
suslandy. Bu suslugy tebigatyñ özi ýeli-ýagmyry, ýyldyrymy bilen bozaýmasa,
adamlar oña çäre edip bilmediler.

SSSR-iñ ýykylmagy we Türkmenistanyñ öz milli garaşsyzlygyna gowuşmagy bilen
Nowruz Türkmenistanda ýene-de şüweleñli, hatda resmi taýdan bellenýän
baýramçylyga öwrüldi.

Elbetde, Nowruzy bellemeli, ol örän owadan hem tebigatyñ ýer ýuzündäki ähli
janly jandarlara, ösümliklere öñden eçilen owadan baýramçylygy! Tebigatdaky uly
öwrülişik, janlanyş pursaty. Türkmenistanyñ ýerleşýän giñişliginde Nowruzyñ
hözüri hasam artykmaç. Gyş geçip, ýaz, maýyl howa gelýär, töwerek-daşy gül-
gülälek bezeýär. Nowruz arly ýyly dos-dogry ikä bölýär, onsoñ biziñ üçin çyn Täze ýyl baýramy, elbetde Nowruzdyr.

Ýöne, meniñ pikirimçe, biz Europa yurtlarynda we tas bütin dünýäde umumy
bellenýän Täze ýyl baýramyndan-da ýüz öwürmeli däl. Sebäbi eýýäm 100 ýyldan
gowrak wagt bäri Europa sene hasaby boýunça 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara
geçilýän gije Täze ýyly bellemek Türkmenistanda-da düýpli ornaşan. Ýüz ýyldan
gowrak wagt bäri ýöredilip gelinýän owadan däpden ýüz öwürmegiñ näme
zerurlygy bar? Galyberse-de, diñe bizde däl, dünýäniñ köp halklarynda täze ýyly
iki gezek – öz köne milli däplerine we Europa däbine görä bellemek – adaty ýagdaý.
Goý, bu biziñ dünýä halklary bilen raýdaşlygymyzy alamatlandyrsyn.
Nowruz baýramyñyz gutly bolsun gadyrly ildeşler!

Täze ýylda siziñ hemmäñize
täze bagt, täze üstünlikler ýar bolsun!

A.Welsapar, ýazyjy

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir