''Halkymy näme üçin öldürýärsiñiz?'' diýdi, özi hem öldürildi


Hawa ol hakda näçe aýtsañ aýdyp oturmaly. Onuñ ady indi añymyzda rowaýata öwrülip gidendir.
Gaýgysyz Atabaýew Türkmenistanyñ ilkinji hökümet başlygy, häzirki ýaşaýan döwletimiz Türkmenistanyñ düýbüni tutujylardan biri, serhetleriñ bellenmeginde, uruş generallary tarapyndan oblast hökmünde dolandyrlan türkmeniñ döwlet bolmagyna, her zadyñ ilkinjisiniñ döredilýän wagty biziñ watanymyz üçin uly işler eden adamdyr.
1937-38-nji ýyllar aralygyndaky elhenç gyrgynçylygy bilýänsiñiz. Elhenç üçlükler tarapyndan onlarça adamyñ bir kagyzda sud bolmazdan ölüm karary çykýardy we olar öldürilip hemmesi bir çukura zyñylýardy. Bu eýmenç Stalin repressiýasy ýyllarynda müñlerçe adam öldürildi, bu ölen adamlaryñ goýun sürüleri hasaba alynýarka, ölen adamlaryñ sanawy tutulmandygy üçin hasaby hem anyk däl.
Bu gyrgynçylyk tutha-tutluk başlan wagty Staliniñ gözi ganly adamlary Türkmenistana ilki gelende Gaýgysyz Atabaýew beýle ýagdaý bilen, halk duşmanlary hökmünde bigünä adamlary öldürmegi bilen ylalaşyp bilmeýär we bu ýagdaýy durdurmak üçin merkeze Moskwa gidýär. Sebäbi köp zat diñe merkezleriñ buýrugy bilen hereket edýärdi.
Ol ýerde Stalin bilen gürleşmek isleýär, emma Kaganowyñ maslahaty bilen NKWD-niñ edarasyna Ýe£owyñ ýanyna gidýär. 1937-nji ýylyñ iýuly, gaýdybam şol ýerden çykmaýar.
Bu ýerde onuñ özüne halk duşmany diýlip günä bildirilýär. Tä fewrala çenli surnukdyryjy soraglar, gynamalar bilen boýnuna aldyrjak bolup zulum görkezýärler. Ahyrsoñy bu ejirlere çydaman fewral aýynda bir gün G. Atabaýew pola çüýlenen bagly oturgujyny goparyp: ''Bigünä adamlary öldürýärsiñiz, aslynda halk duşmany sizsiñiz'' diýip sülçiniñ depesinden inderýär. Bu hem onuñ soñy bolýar. Şol bada şol ýerde ony atyp öldürýärler.
Ölenden soñra ölüm jezasyny çykaryp, hamana hemme zat resmi edilen ýaly, soñra öldürilen edip görkezýärler.
Stalin öleninden soñra repressiýa ýyllary öldürilen adamlaryñ hemmesi bigünä diýlip yglan edildi. 2000-nji ýylda ölen bigünä adamlaryñ atlarynyñ sanawy çykaryldy. Ol ýerde Gaýgysyz Atabaýewiñ ady hem bar.


(ertir.com arhiwinden)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir