Öli adamlara aşyk bolmak (Nekrofoliýa)

Durmuş gül ýaly diýip näçe gygyranyñda-da jemgyýetimizde her dürli adamlar ýaşaýar. Olaryñ içinde manýak ganhorlaram bar, teletinbaz, beçebazlaram (gomoseksuallaram, lezbiýankalaram) bar. Meniñ size gürrüñ berjek bolýan zadym hem nekrofoliýa, ýagny öli adama aşyk bolmak keseli hakynda.
Türkmenistanyñ çäginde şeýle wakalaryñ bardygyna ýa ýokdygyna men resmi delilnama bilemok, bolaýanda-da oñ ýaly zatlar bizde resmi ýagdaýda aýdylmaýar. Ýöne beýleki ýurtlarda bar bolsa, biziñ ýurdumyzda-da bu kesel bar bolaýmaly.
Nekrofoliýa ㅡ bu kesel erkekleriñ arasynda-da, aýallaryñ arasynda-da duş gelýär. Bu kesel ýetginjeklik döwründen başlap, keselli adamyñ ömrüniñ tä ahyryna çenli hem dowam edip bilýär. Bu kesel bilen kesellän adamlar öli adama aşyk bolýarlar. Aýdaly dünýä belli ganhor Çikatilo diñe adamy öldüren soñ onuñ ölüdigine göz ýetirensoñ; jynsy gatnaşyklary ýerine ýetiripdir. Erik From diýlen alymyñ aýtmagyna görä, bu keseliñ faktory maşgaladaky durmuşy tukatlyk sebäp bolup bilýär eken.
Bu kesel diñe adamlarda däl, eýsem gemriji jandarlarda-da duş gelýär.
Orsýetiñ jenaýat kodeksiniñ 244-nji maddasynda ölen adam bilen jynsy gatnaşyklary geçirendigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir.
Bellik:
Takmynan 56 sany aýal we çaga öldüren Çikatiliýa diýilýän adam şol ölenleriñ 53-si üçin sud edilipdir.


(ertir.com arhiwinden)

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir