Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde 2019-njy ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly, Gökdepe etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak mynasybetli egsilmez joşguna beslenen dabara geçirildi. Dabara diýseň köp adamly boldy. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary orunbasarlary, welaýatyň ähli ýerinden il sylagly ýaşulular hem-de beýleki hormatly myhmanlar hem gatnaşdy.
Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlaryň owazy has belentlere aşyp, dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryny joşa getirdi. Şol günki dabara medeni ojagyň mejlisler jaýynda dowam etdi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň etrabyň ilatyna we zähmetkeşlerine iberen Gutlagynyň okalmagy aýratyn uly ruhy göteriş alamatyny döretdi. Milli Liderimiziň Gutlagy dowamly elçarmalar bilen gyzgyn garşylandy. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde yglan edilen Gökdepe etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bilen baglanyşykly, Buýrugy okaldy hem-de dabara gatnaşyjylary şowhunly elçarpmalary astynda etrabyň häkimine pul baýragy gowşuryldy.
Dabarada etrabyň häkimi we bagtyýar ýaşaýjylary ajaýyp waka mynasybetli ýürek buýsançly sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli beýik işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlanan konserti dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşup, göwünlerini galkyndyrdy. Onuň ahyrynda dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra şäherçedäki Toý mekanynda toý sadakasy berlip, ýagşy arzuwlar aýdyldy.
Yzgantda tutulan toý
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Watan habarlar gepleśiginde - de görüpdim, Gaty gowy bolupdyr
Yzganttm 4 years ago- sagbol dos! gaty gowy gechdi.