14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hususan-da, maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda, 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamalaryna, şeýle-de Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna gol çekildi.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir