Siziň köpüňiz goşgy düzýärsiňiz.... gynansam-da men siziň araňyza goşulyp bilemok..... ýöne her gezek siziň goşgyňyzy (1je bent bolanda –da) okamda onuň aňyrsyndaky ýatan manysyny agtaryp tapjak bolýaryn..... siz poeziyanyň nämedigini bilýäňizmi ???.... şu gün tňtänden Gurbannazar Ezizowyň şu goşgyzyna duşdym soň bilemok näme üçin size ony ýazmaga makul bildim Poeziýa diýen zat nämekä? Bolsaň eger diregsiziň diregi, Bir aglap durana teselli bolsaň, Dünýäň ähli nähoşynyň deregine, Diňe sen, diňe sen keselli bolsaň Seniň sözleriňi sözlerine goşup, Aşyk ýigit söýýän gyzyna aýtsa, Ýekeje setiriň ýadyna düşüp, Betpäl bet pälinden yzyna gaýtsa Göni baksaň päk sözlere bakaňda, Demir gözleginden altyn äkelseň, Ýow gününde bedew ata çykaňda, Diňe öňki hatarlarda ýykylsaň. Biziň juda söýen watanymyzda, Mydam çörek bilen aýdym-saz bolsa, Uzak Hindistanda tamdyr gyzanda, Şoň ýanynda el serenler az bolsa. Ýalan söz ýerinde durup bilmeseň, Gural bolsaň dünýäň derdini syzýan, Diňe, diňe sen perwaýsyz bolmasaň, Şudur meniň pikirimçe, Poeziýa
Poeziýa diýen zat nämekä???
-
shagyzy
15 years ago
- gurbannazar ezizow
-
cicek2
15 years ago
- poeziya hacanda adam oz icindakisini aytjak bolanda ony kagyza dokmegimika diyyan...:-)
Adybeg 15 years ago- gayt gowy goşgy eken, sen yazdyn my muny?