MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY


 ▶ I. RUHY TAÝDAN ARAGATNAŞYK MEDIUMY 

Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ukyplarynyñ esasylaryñ biri hem "wahyý" almak ukybydyr. Wahyý özbaşyna bir parapsihologik fenomendir. Onuñ psihologiki taýdanam, fiziologik taýdanam alamatlary we aýratynlyklary bardyr. Wahyý ruhy mediumik aragatnaşykdyr... Wahyý (tebligat, yведомление) inmäge başlanda pygamberiñ derleýändigi, titremäge başlaýandygy we wahyý gelip bolandan soñky bir ýarym sagada çenli özüni dürsäp bilmeýändigi görülipdir. Şeýle-de, gözi bilen görenleriñ gürrüñ bermegine görä, wahyý inip başlan pursatlarynda "zynjyr" ýa-da "jañ" seslerini ýada salýan sesler eşdilýän eken. Bu aýdylanlaryñ ählisi medium aragatnaşyklaryñ möhüm fiziologik alamatlaryndan diñe birnäçesidir. Köplenç pygamberiñ özüne inderilen maglumatlary alan badyna dessine ýanyndakylara aýdyp başlaýandyr öýdyärler. Ýok!.. Käte bir sagat çemesi wagt trans ahwalatda (психическое состояние) galýar we has soñrak özüne gelen badyna ýatdan çykmanka alan maglumatlaryny aýdyp başlaýar. Taryhçy Ibn Haldun "Mukaddime" kitabynda pygamberleriñ, hususanam Muhammet pygamberiñ (s.a.w) wahyý alyşy barada möhüm maglumatlary berýär: "Pygamber ylham inende, bogazyndan çykan bir ses bilen birlikde ýanyndakylar ýok ýaly, göýä özüni ýitirýän ýa-da bihuş bolýan ýaly görünýär. Emma bular ýaly zat (ýagny bihuş bolma) bolanok. Aslynda diñe "spiritual habarçy" bilen ýüzbe-ýüz bolmak ahwalatyna duçar bolýar... Ondan soñ bu ahwalat pygamberden gidýär we wahyý añynda galýar..." Ibn Haldunyñ bu aýdanlary wahyý mehanizminiñ nähili amala aşýandygyny mesaña görkezişi bilen diýseñ täsindir. Hut pygamberiñ wahyý bilen baglanyşykly öz aýdanlary-da ýokarda aýdylanlary belli bir derejede tassyklaýar. Muhammet pygamber özüne berilen bir sowala jogap berende, wahyý bilen baglanyşykly şu aşakdakylary aýdypdyr: - "Mahal-mahal maña bir jyññyrdawugyñ (погремушка) sesi ýaly inýär wahyý; bu maña iñ agyr düşýänidir. Soñra ol menden uzaklaşýar we aýdylan zatlary ýatda saklaýaryn. Käte perişde maña adam sypatynda görünýär we ýüzlenýär. Soñra men onuñ aýdan zatlaryny ýatda saklaýaryn..." Sahabalar "pygambere wahyý gelen wagtynda, bu wahyý bizden ýaşyryn bolmaýardy..." diýip, muny dowamly agzapdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde Onuñ (s.a.w) ýüzüniñ gyzarýandygyny we uklap ýatan adamyñ hor çekişi ýaly dem almaga başlýandygyny aýdypdyrlar. Sahabalardan Osman ibn Mazun (r.a) pygamberiñ bir wahyý alan wagtyndaky ahwalyny aýdanda, Onuñ (s.a.w) ilki gözlerini göge dikýändigini, soñra kem-kemden başyny sag tarapdan aşaklygyna inderýändigini we özüne aýdylan zady garbap alýan ýaly başynyñ titremäge başlaýandygyng gürrüñ beripdir. Pygamberiñ bu aýratyn ahwalyna şaýat bolan birnäçe kişinuñ gürrüñ bermeklerine görä, pygamber wahyý gelende birsalym ümsüm we hereketsiz halda bolýan eken. Enes ibn Mälik (r.a) Pygamberimiziñ (s.a.w) "Köwser" süresini alyşyna şaýatlyk edipdir. Ol soñra bu hadysany şeýle ýatlap geçýär: "Bir gün Resulalla aramyzda durka, birden ýeñiljek irkildi. Soñra ýylgyryp başyny galdyrdy..." Başga bir sahaba bolsa "Maide" süresiniñ inişinde bolup geçenleri şeýle gürrüñ berýär: "Ony wahyý inen wagtynda düýesiniñ üstünde otyrka gördüm. Düýe lägirip öñ aýaklaryny bükýärdi. Men düýäniñ aýaklary döwüm-döwüm bolar öýtdüm. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) düýäniñ üstünde otyrka wahyý inende, düýe birnäçe gezek dyza çökerdi ýa-da wahyýnyñ beren agyr täsiri ondan aýrylyşýança öñki aýaklaryny dim-dik we gataldyp tutup, özüni zor bilen aýagynyñ üstünde saklardy". Ibn Haldunyñ, sahabalaryñ, Hezreti Hatyjanyñ we Hezreti Aýşanyñ aýdanlaryny degerlendirjek bolsak, onda wahyý diýilýän hadysanyñ häzirki wagtda parapsihologiýa ylmynyñ öwrenýän "trans mediumdygy" anyk orta çykýar. Bu babatda ilkinji ylmy çykyş 1906-njy ýylda asly şotlandiýaly amerikan teology we semetik diller boýunça professory Dunkan Bleýk Makdonald tarapyndan edildi. Ol Çikago uniwersitetinde "Garşylyklaýyn din" ugrundan beren "Yslamda dini çemeleşme we durmuş" atly nutugynda Ibn Haldunyñ berýän maglumatlaryna esaslanyp, Muhammet pygamber (s.a.w) "trans medium" şeklinde wahyý alandyr diýen netijä gelýär. Bu çykyş soñra 1970-nji ýylda "The Religious Attitude and Life in Islam" ady bilen "Ams Press" neşirýaty tarapyndan çap edildi. Tanymal teolog şeýle diýýärdi: "Muhammediñ özüniñ ýagdaýy beýleki ähli gipotezalara seredende, trans mediumlyk diýp atlandyrylan fenomen bilen has köp komplekt görnüşde düşündirip bolar. Indi bu boýunça bilýänlerimize goldanyp, Sprengeriñ Muhammetdäki wahyý almak alamatlaryny patologik situasiýalar (simptom) diýip gelen netijesini bütinleý puja çykaryp bileris. Ibn Haldun bize Muhammediñ durmuşyndan pelsepewi fotosuratlar kolleksiýasyny açyp görkezýär. Öz döwürdeşleriniñ arasynda bolup geçýän şuña meñzeş fenomenleriñ-de Ibn Halduna gürrüñsiz kömegi degendir. Bokurdagy basýan agyrlyk añasty ýaşaýyşa degişli ähli fenomenlere mahsus aýratynlyk bolup görünýär. Muhammede wahyý inýän wagtyndaky ahwaly bilen Hanym Leonora Piperiñ trans ahwalata girişindäki we çykyşyndaky ahwaly we Psihiki barlaglar merkezine degişli "Proceedings" žurnalynda çykýan maglumatlaryñ haýran galdyryjy meñzeşlikleri bar". Ýokarda agzalan bu ylmy barlag Muhammet pygamberiñ mediumiki aragatnaşygyny açyp görkezýän ilkinji beýannamadyr... Has soñrakky ýyllarda parapsihologiýa ylmynyñ ylmy jemgyýetçilik tarapyndan giñişleýin we çuñlaşdyrylyp öwrenilmäge başlanmagy bilen birlikde ýokardakylara meñzeş beýannamalaryñ sany artýar.... Ynha, olardan ýene biri: Müsürdäki "El-Ahram" spiritologik barlaglar merkeziniñ başlygy doktor Aly Radiniñ "Yours Fraternally" žurnalynyñ dördünji sanynda çykan "Hezreti Muhammet Mustapanyñ mediumlygy" makalasynda professor Makdonalddan tegelek altmyş ýyl soñ şeýle netijä gelýändigini görýäris... Awtor saldamly makalasynda dürli-dürli mediumlar bilen amala aşyran barlaglaryndan mysal getirenden we sahabalaryñ sözlerinden sitata alanyndan soñra gelen netijesini şu aşakdaky jümleler bilen beýan edýär:"Görşüñiz ýaly Hezreti Muhammetde trans mediumlarynyñ häsiýetleýin aýratynlyklary alamatlaýyn ýüze çykypdyr..." 1906-njy we 1966-njy ýylda orta atylan bu temalar parapsihologik ylmy barlaglaryñ uniwersitetlerde çuñlaşdyrylyp öwrenilmegi netijesinde häzirki wagtda anyklyk gazandy. Häzirki wagtda toplanan ähli maglumatlar ilkinji barlaglaryñ netijelerini şübhelenmez ýaly derejede tassyklaýar.


Ergün JANDAN.

Kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir