ISA PYGAMBERIÑ MUGJYZALARY -1

Beýleki ähli pygamberlerde bolşy ýaly, Isa pygamberiñ mugjyzalarynyñam ählisi etimologiýa taýdan parapsihiki fenomenlerdir. Bu fenomenleri amala aşyryp bilmegiñ usullary birwagtlar inisiatiw merkezlerde inisiýasirlenmäge dalaş edýänlere öwredilen syrlaryñ hatarynda ýer alypdyr. Bu gün bolsa bu fenomenler parapsihologiýa ylmynyñ ylmy-barlaglar ulgamynda ýer alýar. Olaryñ hemmesiniñ metafiziki we parapsihiki kesgitlemeleri ylmy nukdaýnazardan beýan edilýär... Şeýlelikde dinlerde mugjyzalar diýip atlandyrylan ähli adatdan daşary hadysalaryñ añyrsynda parapsihologik tilsimleriñ bardygy indi anyk belli boldy... Bu garaýşymyzy 1996-njy ýylda "Kanal D" teleýaýlymynda beren bir telegepleşigimizde, özi bilen öýünde geçiren reportažymyzda Stambul uniwersitetinim Ylahyýet fakultetiniñ dekany, professor Ýaşar Nury Öztürk meseläni ýeke jümlede şeýle jemledi:- "Pygamberleriñ görkezen mugjyzalarynyñ añyrsynda telepatiýa ýaly, telekineziýa ýaly, aýdyñ görüjilik ýaly we ş.m. parapsihologik ukyplaryñ jemi ýatyr. Bular parapsihologik fenomenlerdir..." ...Hawa, mähriban okyjylar, ýurdumyzda dini gatlaklar tarapyndan hernäçe gazaply tankyt edilse-de, hakykat ýoldaş Öztürkiñ aýdyşy ýalydyr... Bu hakykatdan käbir dini gatlaklaryñ näme üçin ynjalyksyzlanýandygyna düşünemok... Ýagny bular ýaly mugjyzalary näme hasap edýärlerkä?.. Dürli dini meselelerde edişleri ýaly bu meselede-de bassyr-bussyr edip oñmak isleýärlermikä?.. Gowsy, biz öz gozgan gürrüñimizi dowam etdireliñ... Ýogsa-da, Isa pygamberiñ dini edebiýatlara geçen mugjyzalary nämeler? Ol nähili mugjyzalar görkezdikä?.. Geliñ indi, olaryñ üstünde gysgaça durup geçeliñ... ▶ TEBIPÇILIK UKYBY Isa pygamberiñ dillere dessan bolan mugjyzalarynyñ biri-de "tebipçilik mediumy" kategoriýasynda eden işleridir. Diñe özüniñ däl, Onuñ (a.s) hawarileriniñem (sahabalary) şular ýaly parapsihiki tilsimleri ulanandyklary aýdylýar. Näsaglary bejermekde ýygy-ýygydan ulanylan bu tilsimler arkaly hem özi, hem hawarileri adamlaryñ arasynda uly hormata eýe bolýarlar. Bu ukyplaryñ düýbi "magnit tebipçiligine" esaslanýar. Çäksiz erk-ygtyýary talap edýän bu magnit energiýasy gönükdirilen näsaglar gysga wagtyñ içinde sagalyp başlapdyrlar... Magnit täsiriniñ gurşawy juda güýçlidi. Bu energiýalar gurşap alan ýerine ýagtylyk saçýan ýalydy. Adamlar bu energiýalardan tükeniksiz rahatlyk alýarlardy. Şol bir wagtyñ özünde näsaglaram mugjyzapisint terzde öz-özünden düzelip gidiberýärdi... Isa pygamberiñ eseni ruhanylaryndan bolmagy, gürrüñsiz onuñ şeýle güýçli tebip bolmagynda uly rol oýnandyr. Ol bu tilsimleri öz hawarilerine aýdypdyram: "Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara myrdar ruhlary çykarmak, her dürli keseli dep ermek we her dürli gowşaklygy bejermek gudratyny berdi" ("Matta", Bab: 10/1). Ýokardaky aýatdan görlüşi ýaly, Isa pygamber hawarilerine häzirki döwürde parapsihologiýa ylmy tarapyndan "obsessiýa" diýip atlandyrylan, pes derejeli bedensiz bir pisligiñ adama musallat bolmagy we ony öz täsirine almagy manysyny añladýan hadysalar babatda haýsy usullar bilen bejergi edip boljakdygyny öwredipdi. "Myrdar ruhlar" diýmek bilen pes derejeli ruhy barlyklar göz öñüne tutulýar... Soñ-soñlar hristian butnanalarynda käbir ruhanylaryñ şuña meñzeş bejergiler edendigi bellidir. Bu ruhanylara "şeýtan çykaryjy" manysyny añladýan "ekzorsist" diýen at beripdirler. Magnit energiýasynyñ bedensiz jisime gönükdirilmegi bilen ony täsiri astyna alan adamyndan aýryp zyñmak prinsipine esaslanýan bu tilsimleriñ juda agyr we howply işlerdigini hem şu ýerde ýatladyp geçeliñ. Şular ýaly tilsimler ençeme triller kinofilmlerine sýužet bolup hyzmat etdi. Mysallaryna özüñiz kinofilmlerde tomaşa edensiñiz... Isa pygamberiñ tebipçilik tilsimleri bilen esenileriñ tebipçilik tilsimleriniñ birmeñzeşdigini aýdypdyk. Hakykatdanam ol şol döwürdäki esenileriñ tebipçilik tilsimlerinden ussatlyk bilen peýdalanýardy. ♣ Esenileriñ tebipçilik tilsimlerinde esasan dört dürli tilsim ulanylardy: 1. Ösümlikler arkaly bejergi. Haýsy ösümligiñ haýsy kesele em boljakdygyny gowy bilýärdiler. Ýagny, ösümlikler boýunça ussat hünärmendiler. Guradylan, gaýnadylan we dürli maksatly taýýarlanylan ösümlik melhemleri elujy derman serişdeleri bolup durýardy. 2. Daşlar bilen bejergi. Magnit energiýasyny ýaýradýan magnit daşyna meñzeş dürli molekulýar gurluşa eýe daşlary ulanardylar. Ýygy magnit täsirine alma we ýaýratma häsiýetine eýe bolan bu daşlar tebipçilik tilsimlerinde möhüm rol eýeläpdir. 3. Magnit tebipçiligi. Özlerindäki magnit energiýasyny garşysyndaky näsaga akdyrmak arkaly amala aşyrylan bu tilsim tebipçiligiñ iñ esasy tilsimleriniñ biridi. 4. Ruhy tebipçilik. Bu bedensiz barlyklaryñ kömegi arkaly amala aşyrylýan medium häsiýetli tebipçilik tehnikasydyr. Ýokary derejeli bedensiz barlyklardan alan "pishiki täsirleri" näsaga geçirmekde özlerini araçy (провода) serişde hökmünde ulanýardylar. Isa pygamberem bu tilsimleriñ aglabasyndan peýdalanypdyr. Mysal üçin Isa pygamberiñ bir köre beren palçygyny we tüýküligini ýokarda agzalan melhemlerden biri bolmaly diýip çak edýäris. Şol bir wagtda özündäki ruhy we magnit energiýasyny tüýküliginiñ üsti bilen bu melheme geçiren bolmagy-da ahmal. Tüýküligiñ we demiñ täsir etmekde uly güýjüniñ bardygyny bellidir. Isa pygamberiń tebipçiligi hakynda "Injillerde" giñişleýin durlup geçilýär. Ynha, birnäçe mysal: "...Isa ähli şäherlerde we obalarda melekutyñ buşlugyny wagyz edip, her dürli keseli we her dürli gowşaklygy bejerip gezýärdi" ("Matta", Bab: 9/35). "Körleriñ gözleri açylýardy, agsaklar ýöreýärdi, lepra keselliler keselinden saplanýardy, kerler eşidýärdi, ölüler direlýärdi we pakyr-pukaralara Injilden wagyz edilýärdi" ("Matta", Bab: 11/5). Isa pygamberiñ näsaglary sagaldýandygy baradaky habar dumly-duşa ýaýrapdy we goñşy şäherlerden kowçum-kowçum bolup gelýän adamlar dertlerine derman tapmak üçin Onuñ ýanyna gelmäge başlapdy: "...Oña agsaklar, körler, lallar, çolaklar, başga-da birnäçe kemliler geldi. Olar Isanyñ aýagyna ýykyldylar. Isa olary sagaltdy". ("Matta", Bab: 15/30). Magnit täsirleriñ näsaga geçirilmeginde keseliñ gurşap alan synasyna el degrilmeginiñ ähmiýeti uludyr. Isa pygamberiñ amala aşyran tebipçilik tilsimlerinde bu tilsimi ýygy-ýygydan ulanylandygyny görmek bolýar: "...Gün batansoñ, dürli bela-beterlere ýolugan kesellisi barlar olary getirdiler. Isa ellerini her birisiniñ başyna goýup, olaryñ derdini dep etdi". ("Luka", Bab: 4/40).Injilde Isa pygamberiñ "alysdan tebipçilik etme" tilsimleriniñ bardygy-da aýdýar. Kefernahumda bolup geçen wakalar olaryñ diñe biridir... "Bir ýüzbaşynyñ hyzmatkäri ölüm howply hassady. Isa barada eşdeninden hyzmatkärimi halas etsin diýip, bir ýewreý gojalaryny onuñ ýanyna ugratdy. Isa olara goşulyp gitdi. Onuñ öýüne golaýlaşan wagtynda ýüzbaşy Isanyñ ýanyna bir dostuny ugratdy: "Ýa Reb, azar edinme, meniñ gymmatym ýok... şonuñ üçin seniñ ýanyña gelmäge özümi mynasyp hasaplamadym. Emme bir söz aýt, hyzmatkärim sagalsyn" ("Luka", Bab: 7/1-10). Hakykatdanam ýüzbaşynyñ aýdyşy ýaly bolýar. Onuñ adamlary öýe dolananlarynda näsagyñ aýaga galandygyny görýärler. Isa pygamberiñ alysdan tebipçilik tilsimlerine başga bir mysal Ioann tarapyndan getirilipdir... Waka Galiläniñ Kana şäherinde bolup geçýär: "...Ol ýerde patyşanyñ bir gullukçysy bardy, ogly Kefernahumda näsag ýatyrdy. Ol adamyñ Ýahudiýadan Galilä gelendigini eşidip, ýanyna gitdi we oglumy sagalt diýip ýalbardy. Sebäbi onuñ ogly ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa oña şeýle diýdi: "Alamatlary we täsinlikleri görmeseñiz iman etjege meñzäñzok. Patyşanyñ gullukçysy oña: "Çagam ölmänkä gel" diýdi. Isa oña soñky sözüni aýtdy: "Bar, ogluñ diri". Ol adam Isanyñ sözlerine eýerip gitdi. Ol heniz oglunyñ ýanyna ýetmänkä, oña oglunyñ diridigini habar berdiler. Ol hyzmatkärlerinden oglunyñ sagalyp başlan wagtyny sorady. Olaram: "Düýn sagat ýedide ysytmasy düýbünden galdy. Şeýdibem ol munuñ Isanyñ: "Ogluñ ölenok" diýen sagadynda bolandygyna göz ýetirdi..."("Ioann", Bab: 4/46-53). Isa pygamberiñ Ýahudiýadan Galilä gelen wagtynda eden ikinji alamaty hökmünde Injilde agzalan bu waka Isa pygamberiñ alysdan tebipçilik etme tilsiminde, hemem bu tilsim arkaly adamlary özüne ynandyrmakda ähmiýeti uly bolupdyr. Isa pygamber tebipçilik tilsimleriniñ yzysüre, ýañam aýdyşymyz ýaly köp sanly obsessiýon bejergisini hem amala aşyrypdy. Injillerde "jyn kowma" görnüşinde suratlandyrylan bu hadysalar nämelerden ybarat? Ilki bulary göreliñ, soñra bu hadysalaryñ añyrsynda duran hakykatlary orta çykarmaga çalyşalyñ. "Hawrada bir adam bardy. Ony myrdar jynyñ ruhy eýeläpdi. Ol gaty ses bilen gygyrýardy: Goýber! Biziñ bilen näme işiñiz bar, eý Nasyraly Isa? Bizi heläklemäge geldiñmi? Seniñ kimligiñi gowy bilýärin... Isa onuñ daşyna geçip: "Gepleme, çyk ondan!" diýdi. Jyn adamy ortarada taşlap, oña zyýan bermän çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy: "Bu niçiksi söz, myrdar ruhlara gudrat bilen sözüni ýöredýär, olaram çykyp gidýär?" diýip, özaralarynda pyşyrdaşdylar" ("Luka", Bab: 4/43-36). Başga bir obessiýon bejergini ýene-de Lukanyñ kyssasyndan diñläp göreliñ: "Isa Sebt gününde wagyz edip durdy. On sekiz ýyllap keselden ejir çeken bir aýalyp dogrulanyp-dikelip gidibermeýärdi. Isa ony görüp ýanyna çagyrdy we oña ýüzlendi: "Eý aýal, keseliñden halas bolduñ. Isa elini onuñ depesine goýdy. Aýal şobada dim-dik boldy". * ("Luka", Bab: 13/10-13). Indi bolsa, Isa pygamberiñ obsessiýon bejergisiniñ añyrsyndaky parapsihiki hakykatlara göz gezdireliñ... Obsessiýa näme? Metapsihiki we parapsihologik barlaglarda ulanylýan obsessiýa adalgasy gowşak derejeli "bedensiz ruhy närsäniñ" adama musallat bolmagyny añladýar. Ol ötüşen ýagdaýynda bedeni tutuşlaýyn eýeläp adamyñ etmek islemeýän dürli işlerini oña etdirip bilýär. Bular ýaly obsessiýon hadysalarda bir adamy gurşap alan bedensiz närse ýa boýun egdirilip, ýa-da magnit energiýasynyñ kömegi arkaly ol adamdan zorluk bilen aýrylýar. Boýun egdirmek usuly köp wagta çekýär... Isa pygamberiñ her şular ýaly waka bilen köp wagt meşgul bolup bilmejekdigi üçin ikinji ýol bilen, magnit energiýasy arkaly ol närsäni zyñyp taşlamagy saýlapdyr. Injillerde beýan edilenler hem muny doly tassyklaýar. Ýeri gelende aýratyn nygtamak isleýän bir meselämize ünsüñizi çekmek isleýärin: Ýokary derejedäki parapsihologik näsaglyklaryñ belli bir bölegi "obsessiw" häsiýetlidigine garamazdan, köp ýerde häzirem Freýd döwründen galan yzagalak usullar bilen şular ýaly wakalary fizoterapiýalar we "rahatlandyryjy dermanlar" bilen bejermäge çalyşýan käbir psihiatrlaryñ keçjallyk bilen meseläniñ şu tarapyny görmezlige salmaklary diýseñ gynandyryjy ýagdaýlaryñ döremegine sebäp bolýar. Ruhuñ barlygyndan bihabar ruhy lukmanlar bilen bu işiñ soñy nirä baryp dirär? Ony bilemok... Emma diýseñ uly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyzy nebsiagyryjylyk bilen aýdasym gelýär... Gulagyna ses eşdilýän, özüni erk-ygtyýaryndan daşarda bir näbelli güýjüñ dolandyrýandygyny aýdýan, käte gözüne bir zatlar görünýändigini we ş.m. arz-şikaýatlar bilen psihiatra ýüz tutan kişä psihiatryñ goýýan kesel kesgitlemesi köplenç "şizofreniýadyr". Psihiatriýada "şizofreniýa" diýip kesgitlenen näsaglygyñ bardygyny inkär edip bilmeris. Emma bärde "şizofreniýa" kesel kesgitlemesine gabat gelmeýän başga bir zatdan söz açýarys... Biri-birinden tapawutly bu iki hadysa seljerilmese bu işiñ çözgüdi hiç haçanam tapylmaz.. Ruhdan bihabar ruhy lukmandan biz nämä garaşmaly?.. Iñ bolmanda şu soragymyza jogap berselerem, biz razy: 1952-nji ýyldan başlap dünýä ýurtlarynyñ ählisinde diýen ýaly ýokary okuw jaýlarynda bölümleri açylan we uniwersitetlerde alymlar tarapyndan öwrenilen parapsihologiýa 2000-nji ýyllara gadam basansoñam, häzirem ýokary okuw jaýlarymyzda öwrenilenok. Näme üçin parapsihologiýa häzirrm biziñ ýokary okuw jaýlarymyzda öwrenilenokka?.. Gynansak-da, bi soragymyza berip biljek hiç hili jogabyñyz ýok... Çünki siz oturan kürsüleriñiziñ taýmagyndan, hatda bilimiñiziñ pesligini halkyñ bilmeginden gorkýarsyñyz... Aç-açan we kesgitli gürleýäris: Obsessiw häsiýetli wakalary klassyklaşan psihologik bilimiñiz bilen çözüp bilmersiñiz, bu hadysalar diñe "psihologiýanyñ çygryndan çykýan" ylymlar bilen, ýagny "PARA-PSIHOLOGIÝA" arkaly çözgüdine gowşar. Daşary ýurtlarda birnäçe psihologyñ parapasihologlar bilen bilelikde işleşýän dünýäsinde, biziñkiler "ruhsuz ruh hekimleri" bilen haçana çenli şeýdip itenek-çomanak bolşup ýörerlerkä?!.. Göreliñ, bakaly! Ýurdumyzda dünýä standartlaryna gabat gelmeýän yzagalak usullar bilen adamlary neneñsi hala düşürýändiklerini görmek isleýänler Ruhy kesellileri bejerýän hassahanalara baryp göräýsinler... Gözüñiziñ görýän zatlaryna depe saçyñyz bir ýere üýşsr gerek... Belki-de, gürrüñimizden biraz daşlaşdyk. Ýöne käbir psihiatristlerimize sapak bolar diýen pikirde, daşary ýurtlarda lukmanlaryñ bu babatda niçiksi çemeleşýändigini görsünler diýip, köpsanly mysaldan diñe birini şu ýrde dykgatyñyza ýetirmek isleýäris: 1980-nji ýylda doktor Karl Wiklend eden bir çykyşynda "obsessiýon bejergi" bilen baglanşykly öñe süren pikirinden soñ, ýokarda Injilden getiren bir mysalymyza meñzeş bir hadysany gürrüñ berdi: "Kärdeşlerime hemişe diýen ýaly obsessiýanyñ hakykatdygyny subut edip biljek delilleri görkezmäge çalyşdym. Obsessiýa telbeligiñ ýa-da akyl üýtgemekligiñ ýeke-täk sebäbi bolup bilmez. Emma ýygy-ýygydan gabat gelýän sebäpleriniñ biridir. Aýalymyñ görlüp-eşdilmedik mediumlygyñ goldawy arkaly ýazga geçiren käbir subutnamalarym bu babatda şübhä ýer goýmaýar. Näsaglary taşlap giden "obsessirleýji närse" bilen aragatnaşyga geçmegi, hanym Wiklende akyl ýa-da fiziki taýdan hiç wagt hiç hili zyýan bermändir. Bir gezek iki eplenip ýatan ýaş gyzy getirdiler. Gyz "göze görünmeýän haýsydyr bir näbelli güýjüñ" täsiri astynda bu ýagdaýda durana meñzeýärdi. Hanym Wiklend ýaş gyzy bu ýagdaýa saklaýan "göze görünmeýän näbelli güýç" bilen aragatnaşyga geçdi. Bili oñrulyp ölen, emma ölendigini bilmeýän bedensiz närse bilen geçiren gepleşiklerimiz netijesinde ony gyzy terk edip gitmäge razy etdik. Hem-de oña bireýýäm ölendigini aýtdyk, hemem gyzy o närsäniñ täsirinden halas etdik".

 Ergun JANDAN. _______________________________

 * Isa pygamber bu bejergisini Sebt gününde edendigi üçin şol döwrüñ dindar gatlaklary tarapyndan gazaply tankyt edilipdir. Hereket edýän dini garaýyşlara dogry gelmeýän hereketleri sebäpli, sud edilen wagtynda bu hadysa hem onuñ garşysyna getirilen delilleriñ biridi.

kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir