•Üstünlikli maşgala bolmagyň aşagynda iki zadyň ýatanlygyny unutma: Dogry adamy tapmak we dogry adam bolmak. •Derman gözledim derdime, derdim özüme derman eken. •Çagaňyza her zadyň gowusyny berip bilmedigiňiz üçin gynanmaň, siziň berip biljek zadyň iň gowusyny beriň. •Asla biriniň umydyny kesme, belkide ýeke-täk eýe bolan zady şodur. •Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli. •Az zada eýe bolan adam garyp däl, köp zadyň arzuwynda bolup şoňa ýetip bilmän ýören adam garypdyr. •Baýlyk emläkde däl- ýürekde. •Köp gazanýan däl, köp tygşytlaýan – baý. (dos.Ataýew J) •Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi golda. •Her hili aladalaryň iň gowusy – „sabyrdyr“ •Bagyşlamanyň güýjini asla kiçeltme •Çykan gapyňy gaty ýapma, belkide yza dönmek isläp bilersiň. •Ajaýyplygy gözle erbetligi däl. •Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme •Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar. •Agyry aşdan geler, dawa garyndaşdan. •Bir syry saklasaň ol seniň guluňdyr, kimdir birine aýtsan ol seniň patyşaň. •Başgasyna peýdasy degen adam, iň ajaýyp adamdyr. •Akylly adam aklyny ullanar, has akylly başgalaryň aklyny hem ullanar. •(Men aýallarda düýbinden häsiýet ýok diýib-ä bilmezdim, olarda her gün bir tüýsli häsiýet bolýar. •Rimliler, eger ilki bilen latyn dilini öwrenmeli bolan bolsadylar, dünýäni basyp almaga wagtam tapmazdylar. •Aýal şol bir wagtda hem alma, hem ýylan. •Meniň bilýän ýeke-täk gözelligim – saglyk. (Genrih Geýne)) •Gysgançlyk öz oky bilen özüni öldürer. •Wagt her zady alyp gider, hatda biziň pikirlerimizide. •Goňşyňy söý ýöne aradaky haýaty(çarwagy) aýyrma. •Giden durmuşy yzyna gaýtaryp biljek hiç hili derman ýokdur. •Wagt-biziň eýe bolmadygymyz iň az zatlardan biridir. •Haýaty ýitirmekden has ajy bir zat bardyr, ýaşamagyň manysyny ýitirmek. •Daşy deşen, suwuň güýji dälde, damjalaryň yzygiderligidir. •Iň bereketli ýagyş-maňlaý deriňdir. •Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn. •Adam nähili öwrülse, öwrülsin arkasyny görüp bilmez. •Hiç kim goňşusyna mätäç bolmajak derejede baý däldir. •Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler. •Hiç bir zat erbet ýa-da gowy däldir. Bu seniň düşündigiňe bagly. •Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer. •Ýerinde öpülen el ýaly, ýerinde urulan el hem öpülmäge laýykdyr. •Gowy bir akyla eýe bolmak ýeterlik däldir. Esasy mesele ony gowy ulanmagy bilmekdir. •Eýe bolmadyk zatlara gynanmaýan we eýe bolan zatlarynada begenen adam-akyllydyr. •Gara towugam ak ýumurtga guzlap biler. •Ýalaňaç suwdan gorkmaz. •Oksuz tüpeňden iki tarap hem gorkar. •Kim ylma berilse, deger köp nepi. Bilim bilse, ömür çekmez minneti. •Bilim yzyna alynmaýan hazynadyr. •Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler. •Diňe miweli agajy keseklärler. •Bihasap uçan guş, gonalgasyny tapmaz. •Derýa bolsaň pesde bol, daglaň suwy seniňdir. •Bäş ýaşly çaga bilen meniň aramda diňe bir ädim bar, ýaňy doglan bäbekden bolsa meni juda uzak aralyk daşlaşdyrýar. •Erkekleriň köpüsi aýallaryndan özleriniň mynasyp däl, artykmaçlyklaryny talap edýär. •Bagtly bolmak üçin bagtly bolmak mümkinçiligiňe ynanmak gerek. •Ýaýdaňlyk pursatda çalt hereket et, ýalňyşda bolsa ilkinji ädim atmäge çalyş •Haçanda ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek •Sadalyk ajaýyplygyň möhüm şertidir. •Haýra ynanmak üçin haýyr iş etmäge başlamak gerek. •Bigünäni jezalandyranyňdan jenaýaty jezasyz goýanyň gowy. •Bagty çüweni suwa okla, ol şol ýerdenem agzy balykly çykar. •Güýçlä bagt hökmän däl. •Sebäpsiz gülki dünýäde iň oňat gülki. •Gülkünç zatdan gorkmak-hakykaty söýmezlikdir. •Haýwanlardaky iň oňat aýratynlyk- olar az gürleýärler. •Bütin dünýä teatr, ýöne oýny oýnaýanlar derege ýaranok. •Özüňe garaşylýan ýere barmazlyk hemişe ýakymly. •Iş-başga zat elinden gelmeýänleriň iň ahyrky gaçybatalgasy. •Iň kyny – özüni tanamak, iň aňsady – özgelere akyl bermekdir. -Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.
Her çemenden bir gunça
-
Shazada
16 years ago
- gowy yazilipdyr, terjime edilenmi ya turkmen dilindede bamay bular?
-
Wepa
16 years ago
- sbornik
-
jankaka
16 years ago
- ilim ilmi bilmektir ilim kendini bilmektir sen kendini bilmezsen o nniye okumakdir
-
Harmandali
16 years ago
- Gowja zatlar tapypsyňlaý! Elleriňe güller bitsin! Haýsy dilden terjime etdiň? Edil tm dilinde bara meňzeýä. Tüweleme. Menem bir zatjyklar ýazan bolaýyn.
- ВЕРА НЕ ПРИХОДИТ БЕЗ ИСПЫТАНИЯ!!!
- Женщины мастерски владеют искусством перевязывать раны - почти так же, как искусство- м наносить раны
- Keselleri anyklaýyş şeýlebir kämilleşdi weli indi sag adam galmady diýen ýaly (Bertran Rassel)
- Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka? (Halyl Jebran)
- Öz çagalaryňa dymmagy öwret gürlemegi olaň özleri öwrenerler!
-
jankaka
16 years ago
- guzel goren guzel dusunur guzel dusunen hayatdan tad alir
-
Wepa
16 years ago
- pencireden baktiginiz camlarin yuzi kirliyse hayatinizi kirli gosterir.
-
jankaka
16 years ago
- ama temiz tafalarida vardir degilmi kardes
-
myatashka
16 years ago
- menden galaniniz kitap okayar oydyan... molodci
-
rebuilder
16 years ago
- !!ber urself,be unique!!
-
rebuilder
16 years ago
- oops yalnis gitdi...))) "!!be urself,be unique!!"
-
rebuilder
16 years ago
!!ber urself,be unique!!
hahaha yaman biderek yalnis bolday bu=))) ey moderatorlar pozuney muny=)))hahahah
-
shahyr
16 years ago
hahaha yaman biderek yalnis bolday bu)) ey moderatorlar pozuney muny))hahahah
ay pozup oturmayinlay, "ber urself" edip unique bolana yok :-)
-
shahyr
16 years ago
- Yazgny ady "Her çemenden bir gunça" -ny okap gen galdym name zatka bu diyip. Sebabi bir wagtda 10 gyz bilen gezyan oglanlaryn tapyan sözleri bu her çemenden bir gunça :)
-
Harmandali
16 years ago
- “Jüm jüme ýaly jümleler”
* Bahar baýramyňyz gutly, ýüregiňiz umytly, umytlaryňyz atly, söwdaňyz ganatly, bagtyňyz gatly, saçagyňyz datly, mekanyňyz tagtly, ömrüňiz bagtly bolsun
* Ähli ynsanlar biri-birlerine has hormat goýsun. Öýkeler ýazylsyn. Dostluk hem doganlyk duýgulary kuwwatlansyn. Ähli adamlar bagt deňizinde ýüzsün.
* Täze günden başlap öz ömrümizi ýaşalyň, söýgimizi syndyrmalyň, “Köşgä” diýen sözi ulanmalyň. Näme edeliň?! Alagetdin, bagtly bolup goýbereliň!
* Kiçijikdim, “Adam bolmaz” diýdiler, adam boldum. “Söýmez” diýdiler, söýdüm. “Ugruňda ölmez” diýdiler, öldüm. “Iş-işden geçdi” diýdiler.
* Gül nämemiş? Solar gider. Gün nämemiş? Dogar batar. Ot nämemiş? Söner gider. Emma saňa bolan söýgim soňsuzdyr.
* Saňa näme diýjegimem bilemok. Güneşim diýsem ýaşarsyň. Ömrüm diýsem ömrüm gysga. Deňzim diýsem, oňam düýbi görünip dur. Gowusy, janym diýeýin, çünki janym seniň bilen ýaşaýar.
* Seni göresim geldi. Seni her gezek ýatlanymda, kalbymda bir ýyldyz ýasadym. Näçe gezek ýatlanymy bilmek isleseň asmana bak.
* Seni uzakdan söýmegi, seretmän görmegi, sen duýmaýarkaň diňlemegi, gözýaşlarym bilen gülmegi, ahyry gowuşmak üçin sabyr etmegi – baryny öwrendim. Ýöne sensiz ýaşamagy öwrenip bilmedim.
* Eger şu gün ýaşaýan bolsam, ertir seniň geljegiňe ynamym bardyr
* Aňladylmaýan duýgular bardyr. Söýgüler bardyr, sözlere sygmaýan. Bakyşlar bardyr, aşygy agladýan. Adamlar bardyr unudylmaýan. Sen şol adamlardansyň.
* Gijäniň sessizligini diňle, sesimi eşidersiň. Garaňkylyga bak, ýüzümi görersiň. Eliňi ýüregiň üstünde goý-da, gözleriňi ýum. Ruhumy ýollaýan, birsalymdan öpülersiň.
(Toplan Serdar Ataýew. TDU-nyň iňlis dili we edebiýaty bölüminiň talyby)
-
rebuilder
16 years ago
- baybaaaa harman sena bir romantik ekenin da??:Dhahha
-
rebuilder
16 years ago
- wiii ol oglan romantik ekeni.. harman yazdymyka oytdum:D:D:D
-
chetobaly
14 years ago
- beý..bu saýtyň geçmişinde ýazylmadyk zatlar az galypdyr.ýokarky ýazgylaryň awtorlaryna minnetdarlyk bildirýän.
-
DoJiGat
14 years ago
- azajyk okadym gowy eken son arkayynja okayynla...
-
chetobaly
14 years ago
- ynsany garradan ýaşan ýyllary däl - hasyl bolmadyk arzuwlarydyr.
dünýäde iň ajy ölüm däl - gazanylmasy mümkin bolupda gazanylmadyk bagtlylykdyr.
(türkçeden terjime)v.
-
fistik
14 years ago
- chetobaly siz kitap okayanyzmy
-
chetobaly
14 years ago
- wagt tapan wagtym okaýan.
-
fistik
14 years ago
- okayyanyn belli
-
chetobaly
14 years ago
- nämeden fistik ?
-
fistik
14 years ago
- yazşynyzdan.dogrym aytsam many bar yazyan zatlanyzda.menem kitap okamany halayan köp wagtym kitap okayan.
-
chetobaly
14 years ago
- sag boluň fistik.kitap adama iň oňat dost diýýäler.ýöne kähalatda oňat zatlaryň gadyryny bilmeýäsdä.
-
fistik
14 years ago
- kitap okasan elvetde özne govy düşinjan gineyar köp zada göz yetiryan ve övrenyan
-
chetobaly
14 years ago
- az bilen-rahat uklar,diýip ruslaň bir nakylama bar.muňa nähili garaýaň.
-
Prinsessa
14 years ago
- Gowy yazylypdyr!
Wepa 16 years ago- Yalnysh yerleri bolsa duzedibirak okarsynyzda. kabir sozler goni terjime edildi. shu wagta chenli toplan nakyllarym. belki siz hem gosharsynyz.