Ilkinji uçmaga synanyşan alym Abbas Kasym ibn Firnasdyr. Ol astronom, fizik, himik, şahyr we musulman alymdyr. Taryhy maglumatlara görä, Endulusly (Ispaniýanyň Kordoba şäheri) Abbas Kasym ibn Firnasyň uzak wagtlap geçiren barlaglarynyň netijesinde täze bir enjam oýlap tapypdyr. Ýagny ol üstüne egin-eşik geýip, uly guşuň ganatyny ýasap dakynypdyr. Soňra oýlap tapan enjamyny işledip asmana uçupdyr. Asmanda uzak wagtlap guş ýaly galmagy başarypdyr we ýuwaşlyk bilen ýere gonupdyr. Ýewropalylaryň bilim kitaplarynda ilkinji uçar ýasan we uçan Wraýt doganlar diýip bilinýärdi. Ýöne ibn Firnas olardan takmynan 150 ýyl öň asmanda guş ýaly uçmagy başarypdyr.

Çeşme: Wikipedia

Taýýarlan Kätip Myradow

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir