Ynsana bagt ucin nameler gerek?
At gerek, yol gerek hosh hyyal bilen.
Her gosgymda kamil bolmana derek,
Onun barha kyn dushyanne razy men.

Razy - cynym bilen sadany soyyan,
Razy - halal sacagymda coregim.
Razy - calarypdyr saclarym eyyam,
Razy - herna uytgemandir yuregim.

Razy - gunler yupek sowsana dondi,
Razy - yuregimde ozgan agysy.
Razy - "Mydam Gunesh bolsun-a" doldy, Asman bilen shu zeminin arasy.

Razy - kop budredim caga mysaly,
Yalnysdym, okundim ilkibadalar.
Shonda gokden inen perisde yaly
Dushdy mana onat-onat adamlar.

Razy - kocelerim, yuregim yagty,
Razy - kukregimde dinenok owaz,
Berdi mana bir omurlik bu bagty
Gecip baryan yaslyk, gecip baryan yaz.

Razy - josdum topragymyn toyunda,
Duzuny syladym, sowushdym yasyn,
Eziz mana shu topragyn goynunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.

Gerekli pursadym indim aleme,
Begendim, soyuldim, cekdim men zary.
Ine, shu zatlaryn menin taleyme
Miyesser edenne munde bir razy.


BERDINAZAR HUDAYNAZAROW.

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir