Grek mifologiýasynda ölülere höküm eden ýer asty dünýäsiniñ tañrysy bolupdyr. Zews Ýer ýüzüniñ häkimiýetini jigleriniñ arasynda paýlaşdyranynda Zewsa Gök Asman, Poseýdona deñizler Aida bolsa Ýeriñ asty berilipdir. Ol şeýdip ölüleriñ ýurdunyñ tañrysy bolýar. Ýöne erbet däldi. Ýer astynyñ bütin hazynalary Aidyñky bolany üçin Rimliler onuñ adyny Pluton diýip tutýarlar. Aýaly Demetra Zewsiñ gyzy Persefondir. Aid we onuñ ýaly daşýürekleriñ, ynsapsyzlaryñ hiç hili ýalbar-ýakaryna seretmeýän gorkunç tañrylar bolupdyrlar. Gigantlaryñ arasyndaky garşydaşy Alkyonesdir.
Adynyñ manysy ''Görünmeýän'' diýmekdir. Ony göze görünmez eden maskasy we iki uçly naýzasy bardyr.
Bu hasanyñ bir ujy ölümi beýleki ujy ýaşaýyşy añladýar.
Ýerden çykan metallar, baýlyklar ony baýadypyr. Islänini baý, isläninem garyp eder eken. Rehimsiz we gorkunç bolsa-da sözünden dänenok we birnäçe tañrynyñ tersine kesir häsiýetleri ýok eken. Grek mifleriniñ köpüsine gatnaşýar.
Galdyrylan meşhur rowaýatlaryñ biri hem Persefonany alyp gaçmak bilen baglanyşykly wakalardyr.
Aidiñ ýurdy üç bölekden ybaratdyr: Aspodel, Tartarus we Elysium. Ölen adamlar ýer üstünde gowy adamlar bolan bolsa Elysiumda, ne-hä gowy ne-de erbet bolanlar bolsa Aspodela barar ekenler. Zews we Olympus tañrylaryñ duşmanlary, ganhorlar we şulara meñzeş adamlar bolsa jezasyny çekmek üçin Tartarusa atylar eken.
Aidiñ ülkesinde bulardan başga-da Phlegeton (ot derýasy),Lethe (unudylyş derýasy) we tañrylaryñ adyna kasam edilen keramatky derýa Styks akýar eken. Zews ýaly Aid hem adamlara düýş görkezdirip durar eken. Düýş görülende düýşler ýer asty dünýäsinden çykanda iki gapydan geçýärler. Şahly gapydan çykanlar gowy we oraşan düýşler, Piliñ dişi ýerleşdirilen gapydan çykanlar bolsa erbet düýşler bolupdyr.
Täsin ýeri Aidiñ ýerasty ülkesine janly adamlar ölmezdenem baryp bilýär ekenler. Aidiñ o dünýesine baryp gaýdan gahrymanlar Odysseý, Orpeý we Teseý hem-de Gerkulesdir. Ýöne onuñ derwezeleri üç kelleli şeýtan itler Kerberus goraýar. Hemmeler onuñ keşbinden eýmenýär eken. Gerkulesiñ bir başdan geçiren wakaay hem, şol it bilen uruşmaga gidýär.
Aid her näme baý bolsa-da hiç öwünmez eken, az gürläp beýleki tañrylar Olympusa ýygnanan wagtlary ol barmazdy. Bir gezek Poseýdon Aidyñ gaharyny getirmek üçin üç dişli naýzasyny ýere çümdürende ýer üsti darka ýarylyp Aidiñ garañky dünýäsi ýeriñ üstüne çykypdyr. Aid gaharlanypdyr we ýetmiş müñ adamdan ybarat öli adamdan düzülen goşun bilen Atlantidany guradypdyr[1]. Rimde gladýatorlaryñ suwa düşüp, arassalanýan ýerlerinde ölümi ýatladyp durýan gara Plutonyñ heýkeli durýardy. Pluton tañrylaryñ içinde iñ gorkunjy we halanmaýany eken. Admalar onuñ adyny tutmaga-da gorkar ekenler. Onuñ gaharyny sowmak üçin gara goýunlary gurban edip has çukur edip gazyp ganyny şoña akdyrar ekenler.

Çeşme:
http://www.theoi.com/Khthonios/Haides.html

Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir