Bir dükan eýesiniň owadan sesli, ýaşyl renkli we gürleýäň bir totyguşy bar eken. Totyguş bütin günüň dowamynda dükana söwda etmäge gelenler bilen gülüşip, oýyn edişip, wagtyny hoş geçirermiş. Edil adam ýaly gürleýäň bu totyguş, aýdym hem aýdyp bilýärmiş. Günlerde bir gün dükan eýesi öýüne gaýdanynda, şol totyguş iki tarapa uçup ýörkä, dükanyň içinde ýerleşen gül ýagy doly küýzäni ýýkypdyr. Eýesi dükana gelende näme görsün! Dükan byr- bylaşyk hem-de ahli ýer gül ýagyna boýanypdyr. Dükan eýesiniň egin-başlary hem gül ýagyna bulanypdyr. Totyguşyň bu edenlerine gahary gelen dükan eýesi, onuň kellesini şarpyk bilen urup, gowy ýenjipidir. Totyguş, eýesiniň kellesine şarpyk bilen uranyna örän gynanypdyr. Birnäçe wagtdan soňra, totyguşyň ýelekleri dökülip başlapdyr. İne şondan soňra totyguş ne gürläpdir, ne de aýdym aýdypdyr. Diňe oturyp, eýesiniň syratyna synlap, dymyp gezipdir. Bu ýagdaýy gören eýesi bolsa, bu guşa eziýet baryny berendigi üçin oňa nebsi-jany agyryp, eden-etmişlerine puşman edipdir. ’Käşkä ony ýeniçmek ýerine, elim dögülen bolsady’ diýip zaryn-zaryn aglapdyr. Emme eýýäm giçdi. Onuň hälki owadan sesli, ýaşyl renkli guşy, indi kelleşip, öz gözelligini ýitiripdi. Totyguşy täzeden gürläp başlasyn, diýip, sadaka baryny paýlapdyr. ‘Belki hem dil açar’ diýip, herhili masgarawal oýunlaryny görkezipdir. Bularyň hem hiç bir peýdasy bolmandyr. Aradan üç gije-gündiz geçdi diýilende, dükanýň ýanyndan kel bir adam geçip barýan eken. Totyguş birden howsala düşüp: - Eý kel adam! Bäri dur, sen hem ýa men ýaly, gül ýagly küýzäni döktüňmi? diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp başlapdyr. Muny eşiden adamlar gülmän durup bilmändirler. Sebäbi totyguş saçyny syrdyran adama, edil özi ýaly gül ýagyny döküp kel bolandyr öýdüpdir. Ýüz müňlerçe bir-birine meňzeýänlere syn et-de, aralaryndaky ýetmiş ýyllyk tapawudy bolsa ýatdan çykarma. İki zat biri-birine meňzäp biler, ajy suw we süýji suw. İkisi-de durudyr.

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir