GOWŞUT HAN
(1823-1878)

Gowşut han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy
batyryň 5 ogly bolup olaryň iň ulusy Gowşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Gowşut hanyň öz oglanlary bolsa: Baba
han, Baýramaly han, Hüjrep han, Nobat han, Hally han, Sary han we Düzüw (gyz). Baba handan: Täç han we Sapar.
Baýramaly handan: Eýýup. Hüjrep handan: Bähram, Enwer, Annadurdy. Nobatdan: Dostmämed. Hally handan: Ata han bolýar. Bular, Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler. Gowşut hanyň tiresi:
Teke-togtamyş-beg-gökje-ýary gökje, çomalak- çüri.
Gowşut han, tegelekden aý ýüzli, ortadan ýokarrak boýly,
eginlek, dolmuş göwreli, goýungözli, giň maňlaýly,
gaşlagrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli,
ýolbars ýürekli, towşan tüýli, tizpähim, edermen adam
bolupdyr. XWIII. asyryň başlarynda Ahal arkajynyň
çarwalarynyň mal- garalarynyň köpelmegi, öri meýdanlaryň
ýetmezligi we ýyllaryň gurak geçmegi ýaly sebäplere görä,
teke türkmenleriniň bir bölegi kem- kemden Kaka taraplaryna süýşýär. Ol ýerlerde Eýranly talaňçylaryň,
basmaçylaryň çozuşlary zerarly rahatlyk bolmansoň, olar
häzirki ady Gowşut obasy bolan ýeriň 25 km.
demirgazyklygyna göçüp barýar, we ol ýerde 5 topara
bölünişip 5 sany gala salýarlar: Heňňam, Akja, Garaja,
Garahan (Torly) we Gumgala. Olara Bäşgala diýip at
berýärler. (Bu bäşgala, Hojamberdi han öldürilen Mogan
çölündäki bäşgaladan başgadyr). Bäşgalada-da, Eýran
alamançylarynyň türkmenleriň üstüne çozuşlary dowam
edýär, ahyrsoňy, ýaşulularyň maslahaty bilen Hojamşükür
han bu türkmenleri Sarahsa göçürýär. Gowşut han Sarags
türkmenleriniň Eýran talaňçylaryndan goralyp saklanyp
bilmeklerini nazarda tutup ol ýerde gala saldyrmaga
başlaýar, ýöne onuň bu işine Hojamşükür garşylyk
görkezýär. Gowşut han bilen Hojamşükür han bu meselede
ylalaşmaýarlar we Hojamşükür han Tejen taraplaryndaky
Üçburç diýen ýere gidýär, ol soňra Hywa barýar. Hywa hany
Mädemin türkmen serdarlarynyň bu agzalaçylygyndan
peýdalanyp Saragsa goşun çekmekçi bolýar, ol edilen
töwellalary äsgermeýär. Nurberdi han, Gowşut han we
beýleki gala hanlary Hywa hanynyň garşysyna berk
teýýarlyk görýärler. Ol Mara gelen wagty, Gowşut han ýene
bir töwellaçylar toparyny ýollap, gyrgynçylyga girişmezlik
barada oňa ýüz tutsa-da Hywa hany Mädemin wekillere:
Eşidiň wekiller! baryň hanlaryňyza, ýaşulularyňyza aýdyň,
ertir ir bilen gündogan wagtynda meniň goşunym siziň
üstüňize, galaňyza çozar, nätüýsli çäräňiz bolsa, haýal
etmäň-de görüberiň, diýýär. Gowşut hanyň galasynyň
gündogaryndan aýlanyp, guşluk tarapyna geçip, Tejen
derýasynyň gaýra ýakasynda we Ulug babanyň (Düýeboýun
öwliýasynyň) gaýra gabadyndaky ýaglydepäniň üstünde öz
ýüpek çadyrynyň-tugunyň içinde gürläp oturan özbek hany
Mädemin, aýdan güni türkmenleriň üstüne çozýar, ýöne
onuň goşuny-da derbi-dagyn edilýär, özi-de öldürilýär
(1855-nji yýlyň 12-nji Mart güni.) Şol uruşda ikiçäk
uruşlarda deňi-taýy görülmedik türkmen ýigitlerinden başga, Töre sokynyň gyzy Güljemal ýaly (18-19
ýaşlaryndaky) türkmen gyz-gelinleri elleri keserli, syndyly,
pyçakly, duşmanlara berk gaýtawul beripdirler. Söweşde
Güljemalyň adamsy Annaöwez wepat bolýar. Uruşda
Güljemal: Är ýolda, ogul bilde, tapdyrmaz ene watan diýip,
ähli türkmen gyz-gelinlerine ýolbaşçylyk edipdir.
Mädeminiň meýidini we özbek ýesirleri azad edip Hywa
tarap ugradan wagtlary, heniz Ahally ýaranlary yzlaryna
gaýtmankalar, Eýran goşunlarynyň Gökdepä, esasanam
ilatyň has köp ýeri bolan Hurmana we onuň töwereklerine
duýdansyz hüjüm edendikleri habary gelip gowuşan wagty,
türkmen serkerdeleri bir maslahat geçirýärler we Nurberdi
han we ýaranlary Ahala gaýdýarlar. Türkmen hanlary Eýran
goşunlary bilen şöweşe pugta teýýarlanýar we Garrygalada
ýüz beren söweşde Nasereddin şahyň goşunlary türkmen
ýigitleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Hyrş arap ýören
Nasereddiniň goşunlary soňra Mara hüjüm edýär, bu
gezek-de oňa pugta temmi berilýär. Uruşdan ozal,
Gowşut hanyň Eýranlylaryň üstüne näçe gezek
töwellaçy ýollanlygyny, ýöne olaryň, urşa
başlajakdyklaryny beýan edendikleriniňde bu ýerde
belläp geçmek gerek. Gajar şasy Nasereddiniň
goşunlary bilen uruşda gazanylan ýeňişden soňra
Maryda geçirilen maslahat wagtynda ölenleriň ýasy
tutulmaly edilýär we şondan soňNuriýewdduşda
adamsy wepat bolan Töre sokynyň gyzy Güljemaly
Nurberdi hana dakmaly bolýarlar. Şondan soňra
Gowşut han, özlerinden göwni galyp Hywa giden
Hojamşükür hany yzyna çagyryp getirýär wet ol öz
obasy Wekilbazarda mesgen tutýar. Patyşa
Russiýasynyň Orta Asiýany basyp almaga girişen
döwründe Gowşut han Maryda rus patyşasyna
garşy toparlaryň başynda durýar. Çünki ol,
russiýanyň Mary töwereklerine-de aralaşmagyny islemändir. 1868-nji ýylda patyşa goşunlary Buhara
fhalkynyň üstüne ýöriş geçirende Gowşut han Mary
türkmenleriniň üç müň atly goşunyna baş bolup
Buharanyň tarapynda çykyş edýär. Olar Zerbulag
belentliginde ýüz beren söweşe gatnaşýarlar.
1873-nji ýylda rus goşunlarynyň Hywa hanlygyna
garşy geçiren ýörişleri wagtynda, olaryň Mara-da
gelmeginden howatyrlanan Gowşut han Maryda
berkitme saldyryp başlaýar. ýöne ondan harbi
çaknyşyklarda peýdalanmak nesip bolmaýar we ol
Gowşuthangala ady bilen ilat arasynda belli bolup
galýar. XIX. asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda
Russiýanyň Ahala ornaşmak planynyň
aktiwleşmegine Gowşut han barlyşyksyz garapdyr.
1875-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda Gökdepe
galasynda bolup geçen maslahatda Ahal
türkmenleriniň Russiýa bolan garayýşynda ýeke-täk
netijä gelinmändir. Russiýanyň Ahala hüjüm etjekligi
barada habarlar ýaýran wagty, Ahal türkmenleri
arasynda agzybirlik gazanylyp bilinmändir, şol wagt
Gowşut han öz dogany Hudaýberdi hany Ahala
iberýär. Ozal Bäşgalada han bolan döwründe
hem-de dürli alamançylyklarda öz ukybyny görkezen
Hudaýberdi han, Ahal türkmenleriniň, Russiýa bilen
ylalaşmak planlaryny ýoga çykarmak niýeti bilen
iberilen. ýöne, Hudaýberdi hanyň özi soňra, Russiýa
bilen ylalaşmaly diýenlere eýerýär, bu habary eşiden
Nurberdi han Marydan Ahala gelýär. Beýleki
tarapdan Gowşut hanyň özi-de, öz güýçleri bilen Rus
güýçlerini deňeşdirip görende öz güýçleriniň olardan
pesdigine göz ýetirýär we ozal, Buharany, Hywany
eýelän ruslaryň Marynyňda eýeläp biljekdiklerine ynanýar we gan döküşligiň öňüniň alynmagy
gerekdigi pikirine gelýär. onuň bu pikiri, Gökdepe
hadysasyndan soňra dogry bolup çykýar. 1878-nji
ýylda türkmeniň abraýly serkerde-hany Gowşut han
aradan çykandan soňra, onuň ogly Baba han-da öz
kakasy ýaly Marynyň ir-u giç Russiýanyň hataryna
girjekligine göz ýetiripdir. Şeýle kyn wagtda, hanyň
ölümi, Mary türkmenleri üçin uly zarba bolýar. onuň,
rus içalysy (jasusy) Alyhanow tarapyndan zäher
berlip öldürilenligi aýdylsa-da, ol, beýle däl, çünki
arhiw materýallary Alyhanowyň, 1880-nji ýyllaryň
başynda Mara gelenligini görkezýär. Gowşut han,
Marynyň golayýndaky Hoja Abdylla mazarçylygynda
jaýlanýar (56 ýaşlarynda). Gowşut han, şol döwrüň
agyr taryhy şertlerinde, türkmenleri jebsleşdirmekde
eden işleri, salgyt sistemasini girizip düzgün-tertipli goşun döretmegi, Murgap derýasynda bent salmaklygy, Mary töwereklerinde suw meselesyny çözmekligi başaran serdardy.

(Rejep Gaýypguliýew,
Ata Nuriýew).

Bilim, Gürgençli tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir