«Gobsek» powesti Balzagyň «Adamzat komediýasy» eserler toplumynyň iň gowy eserleriniň biridir. Bu eserde ýazyjy biri-birine meňzemeýän dürli-dürli adamlar barada gürrüň berýär. Eserde wikontessa 1 de Granlýeniň öýünde bir gyş gijesi onuň gyzy Kamillanyň we graf de Restonyň ogly Ernest de Restonyň arasyndaky söýgi duýgulary barada gürrüň berilýär. Adwokat Derwil gyzyň ejesine oglanyň kakasynyň Gorio kaka diýen adamyň Anastazi diýen gyzyna öýlenip, onuň köp baýlygyny küle sowrandygyny, ony garyp düşürendigini gürrüň berýär, sebäbi Anastazi äriniň pullaryny özüniň söýgülisi, ýalançy we ýeňilkelle Maksim de Traý diýen ýigidiň karzlaryny üzmäge harç edipdir. Şol taryhy gürrüň berende Derwil Anastaziniň we Maksim de Traýyň gymmat bahaly zatlaryny girewine goýup, Gobsek atly bir süýthordan hemişe pul karz alandyklaryny aýdyp, süýthor Gobsegiň durmuşyny we häsiýetini jikme-jik gürrüň berýär.
Gobsek – bir garry adam, süýthor, ol adamlara göterimine pul berip, köp girdeji gazanýar. Onuň maşgalasy, çagalary ýok. Parižde bir horaşaja otagda ýaşaýar. Adamlar bilen gapyda ýörite goýlan kiçijik äpişgeden gürleşýär. Ol köne, sürlüp şylhasy çykan egin-eşikde gezýär. Onuň bar iýýäni süýtli kofe bilen çörek. Bergisini bermeýän bergidarlaryndan puluny almaga gidende, paýtun tutman, islendik howada hemişe pyýada gidýär. Ol iň baý öýlere baranda-da, köwşüniň palçygyny süpürmän, olaryň halylaryny depeläp, töre geçip oturýar. Gobsek «Altyn – ynha, häzirki jemgyýetiň ruhy özeni» diýip, jemgyýetde puluň esasy orny eýeleýändigini nygtaýar.
Powestde Gobsegiň geçmişi barada berilýän gysgaça maglumatlarda onuň galtamanlar bilen gatnaşykda bolşy, wagşy taýpalaryň hazynalaryny gözleýşi barada gürrüň berilýär. Bu maglumatlaryň üsti bilen ýazyjy Gobsegiň nähili adam bolandygyny, onuň özüniň başlangyç baýlygyny nädip gazanandygyny görkezýär. Gobsek adamlaryň ahlagyna, olaryň päk ýürekli bolup biljekdiklerine ynanmaýar. Ol diňe gymmatbaha zatlara, altyna, pula ynanýar. Ol pula gezek gelende hiç kime eglişik etmeýär.
Açgöz adamlaryň pul üçin her hili hilä, aldawçylyga ýüz urýandyklaryny, olaryň rehimsiz hereketlerini adwokat Derwil Anastazi de Restonyň, Maksim de Traýyň we Gobsegiň gatnaşyklarynda aýdyň görýär. Anastazi de Resto äri graf de Resto tä ölýänçä ony peýläp, gözegçilik edip oturýar. Ol ölüp-ölmänkä bolsa jesedini agdaryp, onuň ähli zatlaryny, hatlaryny dörüp, goýup giden miras hatyny gözleýär. Ony tapyp, grafyň öz mirasyny çagalaryna bagyş edendigini bilip, miras hatyny oda atýar...
Eseriň soňunda uly baýlyk toplan husyt süýthor Gobsek tüçjar baý bolsa-da, dälilik hetdine ýetip ölýär. Onuň öýi çüýreýän azyklaryň, zaýalanan harytlaryň ýygnalan ýerine öwrülýär.
Balzak bu eserde süýthorlugyň, pul ýygnamaklygyň adamyň ynsanperwerlik, adamkärçilik, ýakynlaryny söýmek, hudaýa, ýagşylyga ynanmak ýaly duýgularyny kem-kemden ýok edýändigini Gobsegiň keşbiniň üsti bilen çeper suratlandyrýar. Göräýmäge Gobsegiň aňynda birbada bir garyp gyza kömek etmek barada pikir hem döreýär, emma onuň peýdakeşlik duýgulary onuň bu ynsanperwerlik pikirini ýumurýar. Gobsek ol gyza berjek puluny onuň doganynyň almagyndan heder edýär. Sebäbi Gobsegiň aňynda puluň bisarpa sowulaýmagy bolup biljek zat däl. Ol soňuny pikir etmezden birine diňe ýagşylyk etmek üçin pul berip bilmeýär. Hatda özüniň iň ýakyn adamsy adwokat Derwile-de pul karz berende hiç hili eglişik etmeýär. Çünki baýlyga ymtylýan adamyň aňynda peýdakeşlik we adamkärçilik, ýagşylyk ýaly düşünjeler biri-birine garşy durýarlar. Gobsek ýagşylyk etjek bolsa, adamlara pul bermeli, emma ol peýda görmejek bolsa hiç kime pul bermeýär. Şeýlelik bilen, Balzak pul, baýlyk ýygnamaklygyň ynsan durmuşynyň esasy maksadyna öwrülende onuň şahsyýetiň kalbyndan ynsanperwerlik duýgularyny kem-kemden gysyp çykarýandygyny görkezýär.

1 Wikontessa – köşk gatlagyna degişliligi aňladýan dworýanlyk derejesi, Wikontyň aýaly. Wikont – welaýatyň, graflygyň häkimi ýa-da deputaty

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdeepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir