Ençe gunlap sen diýip daňym atardym.
Gözüm ýaşlap meniň aglamagyma sebap boldyň.
Men saňa name etdimkäm, maňa beýle jeza berer ýaly
Her zat edip gördüm, şondada diňe aglatdyň meni, agladanyň bilen hem kanagat etmediň, meni ukudan alyp galdyň, islän zadym iýmekden mahrym etdiň
Seniň maňa görkezen ezýetiň çekip çydardan däldi, goni nerwa degdi.
Uzyn gije aglap aglap ýatan ýassygym öl myžžyk bolypdyr.
Daň ataryna howlykdym, daň atdygam seni igror etjek,seni bloga salyp udalit etmesem, meniň ýuregime ynjalyklyk ýokdyr, çekip çydardan öte geçdiň,bir gün ýagşy, iki gün ýagşy, üç gün ýagşy ... hiç goýar ýerde goýmadyň
Men seni udalit etmage dözmän bir hepde çydapdym,sen gündüzki işiň köplügindenmi näme bilemok maňa azar bereňokdyň,asylha men bardyryn öýdeňokdyň ,a garaňky duşdügi welin meniň aglamagyma sebap bolýardyň
Indi seni şu gün hökman blok ederin we soňyndan udalit ederin:- diýip bir hepde bäri gije aglatýan gapdal dişime aýnada seredip içimdaki pikirim kagyz ýüzüne geçirdim

Awtory: Nowcha

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir