konetalyp007
Iňlis dili
Inlis dilini öwrenjek bolýanlar, aslynda iňlis dili aňsat. Meselem:
Horse = At
Don't horse = Atma
P don't horse = Patma
P don't horse rose = Patmagül
😁😁😁
Degishyandirin
Hormatly agzalar, sizde de bolyamy sheyle bilemok welin, yone mena shu kabir agzalaryn lakamyny ilkinji gezek okamda yalnysh okapdyryn. Yagny sheylerak okapdyryn:
@MenejerAtajan = MerjenAtajan
@Panturkist = Pankreatin (ashgazan
derman bar sheyle)
@.... = üç nokat
@ETIKA =...
"G.Ezizowa jogap" diýip, biri ýazypdyr.
"Sadalykdan zyýan bolmaz" diýipsiň,
Häli şindi ejir çekýär sadalar...
Ýa ussadym, sen şol ýerde ýalňyşýaň,
Ýa senden soň çalt üýtgedi kadalar.
Köne ýazgylarymdan tapan goşgym. Awtoryny bilemok.
Ýene aýa bakyp gijäniñ ýary,
Oturup, oýlanyp, gözledim ýary.
Asmanda ýalpyldap ýyldyzlañ bary,
Ýada saldy maña şol gözel ýary.
Diýdiler bir agyzdan Mejnunyň ýary,
Ýatandyr süýjije, gijäniñ ýary.
Düşünýäs sen bolsa Leýliniň zary,
Bolup, şygyr düzdüñ gijäniñ ýary.
Gurbannazar Ezizow "Serpaý".
Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni.
Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.
...