Oÿlanmak gerek däl päk söÿgi üçin,
Çünki ol ÿaşaÿar seniň kalbyňda,
Taryna kakyp dur yşk dutarynyň,
Göÿä bir Aÿ duran ÿaly alnyňda.

Bir elimde bägül, birinde ÿürek,
İkisem ynsana şeÿlebir gerek,
Gülüň tikeninem söÿmeli bolÿas,
Ÿogsa tikenli gül nämäme gerek?!

Ÿürekden aÿdylsa iň ajap sözler,
Bakyp doÿa bilmez şaar gara gözler,
Aşyk magşugyna duşaÿsa eger,
Ana şonda dörär alowly közler.

Ÿene-de göresim gelÿär şo gyzy,
Söÿgümi aÿdaÿyn epip bu dyzy,
Eger ÿeriň ÿüzi doňaÿsa birden,
Öwrerin bahara eredip buzy.

Her bir aşyk magşugyna gowuşsa,
Saÿrak bilbil gyzyl gülüne duşsa,
Söÿgi jennetine meňzär bu dünÿä,
Ÿaşlarymyz çyn ÿürekden söÿüşse.

“Ömrüme ömürlik gelen perişde”,
Bu at diňe saňa mynasyp eken.
Güÿzüň ÿapragyna öwrülip birgün,
Söÿgi dünÿäsinden gitmeli eken.

Awtory:
Daÿanç Baÿmyradow

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir