OGLANLAR NAHILI GYZY SAYLAMALY?!

Sonky dowurde, bizin yurdumyzda bolup gechyan uytgeshmeler sebapli kop gyzlarymyz, oglanlarymyz azyp, gowy dal durmush alyp baryarlar we herkimin ozune gowy yanyoldash tapmagy biraz kynlashdy. Koplench biz oz dostlarymyzyn ya joralarymyzyn gepine gidyaris we sholaryn pikiri bn yashayarys. Sholaryn idealyna goz gyzdyryarys. Meselem: gyzlara bay oglana chykmak islarler, oglanlar bolsa owadan gyzy almak islarler.
Bu sozleri onem eshidensiniz welin, baylyk hemme zady cozup bilenok. Elbetde, ishsiz, mashgalasyny eklap bilmejek erkekden gachmaly, yone ynsaply, mashgalasyna chorek getirip biljege ymtylmaly, bay bolmasada.
Oglanlar bolsa dine owadan gyz isleman, akylly gyz islemeli. Owadan ayalyn yuzunden suw ichmersiniz. Ikinizem garrarsynyz, betnyshan bolarsynyz. Owadanlyk wagtlayinchadyr. Oglanlar ozune gelin saylanlarynda, ozune dalde, chagalaryna saylamaly. Yagny sheyle, siz chagalarynyza eje saylan, ozunize gyz saylaman. Shuwagtky halashyan gyzynyzy goz-onune getirin, shol gyzyn sizin chagalarynyza gowy eje bolup biljegine gownuniz yetyarmi? Gyzynyza akylly gyz bolup yetishmegi owretjek, oglunyza wepaly ogul bolup yetishmegi owretjek eje bolup bilermi sizin soyguliniz? Ya-da gunde gunasha sizin bn ketjeleship, urushyp, kakyny tutan wagty ejesinin oyune gaharlanyp gitjek gyzlardanmy sizin soyguliniz? Son 2 oyun arasynda gatnap yormegema ansat dal.

Sizin bir zada dushunmeginiz gerek oglan bolup: mashgalada erkek nache haramzada bolsada, ayaly akylly bolsa, chagalarynynam akylly bolup yetishmegine shans uly. Yone mashgalada, erkek nache akylly bolsada, eger ayal biderek bolsa, chagalaryn tozmagyna 100% garantiya bar. Siz biderek ayala tayaklabam akyl owredip bilmersiniz. Orslaryn aydyshy yaly: küykini diñe mazar düzelder.

Oyi, ishigi bn bolup yoren, gonshydan gonsha gep kakmaga gitmeyan, akylly sayhally bir gyzy saylan. Eger okuwly, ishli bolsa has gowy, gozyetimi ginishdir we gurleshmage tema tapylar. Oz derejanizdaki birini tapjak bolun.

Ozalam bir Turkiede okan oglan, obaly bir okuwsyz gyzy gelin edip alyp gara gune dushupdir. Gyz onun diyyan zatlaryna dushunenok ekeni, degishmesinede dushunenok ekeni. Ozem innirdap bizar edyan ekeni sebapli sebapsiz. Ine shonun yaly derejaniz deñ bolmasada kyn.

Yene bir tanysh ayal bar, gowy ayal we eje, yone oyunde duranokda. Bir yerde toy, uyshmelen bolsa gidyar chagalaryny yzyna tirkap. Gep etmagede gidayyar ona muna. Ine shona gorade, gyzynam ozi yaly edipdir. Gyzam entek chykmadyk gyz, toy tomashany sypdyrman gidyar, oyunde oturman ygyp yoren. Elbetde, olar erbetchilik edenoklar, yone ayalyn we chagalaryn sen ishden gelende oyde bolup seni garshylasalar gowy dalmi name? Ya-da ayalyny gonshy podyezdaky Bike gelnejan oyunden chagyrdyp getirtmek has gownunize yararmy?

Aydyljak zat kop, yone gepi gysgaldayin (uzyn yazgy boldy yone :-)), akylly we dushunjeli gyz alyn gelin edip, sebabi ol gyzy siz dine ozuniz uchin saylanyzok. Ol sizin chagalarynyza eje bolmaly, ene-atanyza gelin bolmaly, gelnejanize elti bolmaly, agtyklarynyza mama bolmaly, yegenlerinize dayza bolmaly, sizin halkda bolan reputasiyanyzy gorayjy bolmaly. Hany pikirlenip gorun, sizin soyguliniz shu rollary oynap bilermi?!

Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir