'talyplar.com 2007'den bäri diri' diýen ýazgyny iň düýpde her okanymda pikirlendiryar. "Näme bolsa-da eydip-beýdip saýty elden aldyrman saklap ýörüs" manyda umytsyz bir ýazylan slogana meňzeýär. Hem talyplar.com ýaly bir saýty doredijiniň kimdigini bilip bolmazmyka?! Bu ýerde administrasiýa tarapynda ýazylan mowzuga gabat gelip görmedim. Onuň ýazan bloglaryny okap bolmazmy, ýa-da häzir haýsy bähbitli iş bn meşgullanýar, näme tazelikleri durmuşa geçirýä?! Bilip habar berjek ýokmy?
2007'den bäri diri
-
Yeser
6 years ago
- @nekrasow, Özüm tassyklamsoň ýazdym bu ýere, ylalaşyp ýa-da pikirimi goldap bilersin ýöne tassyklatmak gerekli dälmikä diýän sözleri;))))😊😊😊
-
nekrasow
6 years ago
- @Yeser, mnem shony pikir etdimda. hm bah ay bolyada dos gaydyp alypda bolanok
-
kitapcy.ml
6 years ago
- Meň pikirimçe eýesi daşary ýurtda ýaşaýar...sebäbi azajyk öňräk syýasy makalalar goýyp başlapdylar...şonda saýt bloga gitdi...
-
acharsoz
6 years ago
- Türkmenler hemme zadyň ýokardan "düzedilmegine" garaşýar. Owallar pikirini paýlaşýan adamlaryň hem indi "ýitip gitmekleriniň" sebäpleri bardyr elbet-de. Bir-birege ynam, gelejege ynam, umyt diýilýän zady diri tutmak kyn. Saýtyň dizaýny hem ýöne "dem alyp dursa bolýar" diýilip, hasam ýürekgysgynç ýagdaýa getirilene meňzeýär. Admin barada sorapsyň, bular ilkinji türkmen web-saýtlaryny ulanmana beren zehinli oglanlardyr. Ýa daşary ýurtda, ýa içerde biznesleri, çaga çuwgalary bilen başagaýdyrlar. Saýtyň howpsuzlyk ýagdaýy hem öwerlik däl ýaly, agzalar belki şundan howatyrlanyp hem çetleşendirler.
Gyzyklanýan bolsaň, ine aşakda admin bilen baglanyşykly temalar :
http://www.talyplar.com/posts/4779
http://www.talyplar.com/posts/14705
-
Yeser
6 years ago
- @acharsoz, köp sagja bol ýetiren maglumatlaryň we meň soragymy parhsyz goymadygyň üçin! Sizde-de köp gowy makalalary gyzyklanma bilen okaýadym, indi hiç zada gabat gelemok;)) 2-3 ýyl öňki ýaly aktiw gatnasyjylarada gabat gelemok ýöne şu ýerde. Aý borda bolşuna görä...
-
SiziňÝalyBiri
6 years ago
- Gowy tema gozgalypdyr
nekrasow 6 years ago- tassyklayaryn