Adamlar şu gün her kim şu ýerik bilýän hemem durmuşda berjaý edýän yrymlaryny ýazsyn! Hemem yrymlar hakda pikirleriňizi olary berjaý etmek gerekmi ýa gerekdälmi?! Olary bozan ýagdaýyňda adamlaň durmuşyna täsir edýämi ýa edenokmy şolar hakda-da ýazybermeli! Menden biraz yrymlar: 1) Iň ynanýan yrymym :))) Eger öňüňden gara pişik geçse onda şol gün işiň ugruna bolmaýar 2) Gurbaga ölse ýagyş ýagýar (çyndanam düýn irde ýolda bir gurbagajyk ölüp ýatan eken öýlänem ýagyş ýagdy) 3) Bir myhman ýa öýüňden bir adam bir ýerik gideniinden soň öý süpürülmeýä tä şol adam barmaly ýerine barynça. 4) Sallahlar size degişli! Eger sallah ýigit ýatagan bolsa onda gözi gyşyk gyza öýlenýämişin :)) 5) Diliňi dişleseň kimdir biri seni ýatlaýandygy hemem saňa käýinýändigi.
Yrymlar
-
Shazada
17 years ago
- menem yrymlara ynanamok ýaly =P.ýöne bir zat welin mydama dogry çykýadi.ejem aýtdy o yrymy. garaz biri bilen gepiň deň gelse, yagny bir sözi ikiňizem bir wagtda bile aýtsaň, şowagt ikiňizem içiňden bir dileg etmeli diýäler. mende köp boldy :)
yene biri. eşidişime görä eşigiňi bilmän ters geýseňem dileg etmelimişin..
ps: gara pişik görsema bilgeşleýin kesip geçmeýanem bolsam şo tarapa gidýän.sebäbi şoňa ynanamok..
-
mc_merw
17 years ago
- - Elim gijese pul düşýä. Şola hemişe dogry bolýa :)
- Gulagyň şyňlasa bir seni ýatlaýa. Ýalan hem bolsa mena gulak şyňlasa şadyýan bolýan.
-
agash55
17 years ago
- kor ynanchlar bular onler ynanyardym ve son puşman boldum mundan sonam ynanmaryn.
-
agash55
17 years ago
- biram şu astrolog diyilyan diyilyan zada ynanamok. Dünyada 6 milyar koprak ynsan insan yaşayar. indi şol 6 milyary 12 aya bölsek 500 million edyär. Näme indi 500 million adamyn ykbaly, häsyeti ve ş.m biri birine menzeyärmi? menä ylalaşyp biljekdäl.
-
cendrillon
17 years ago
- yrymlara ynanamok,samsyk bolupdyryn kichi vagtym sheyle biderek zatlara ynanyp,sebabi son aden adiminde bir etmeli dal zat dush gelya;oyunden chykman oturaymaly bolya;
mysal uchin,onunden gara pishik gechse shol gun erbet zat bolup gechya diyyalermi,eden ishin ugruna bolanok diyyalermi yadymda dal;irden chykyanam velin,onunden bir pishik gechse,(name kop,dasharda ygyp yoren pishik kop),gara bolmasa-da,derrev keypin bozulya,gunuzyn garashyp yoreyan name erbet zat bolarka diyip;
-
agajanh
17 years ago
- - öňümden gara pişik geçse şol gün gowy bolýa!!! (çynym)
-
teke
17 years ago
- adyndanam belli bolşy yaly bular yrymdyr,kimi ynanar kimi yananmaz. yöne dinimizde yrymyn yeri yok öydyan. menem hiçisinede ynanamok.
yrymlar-
1. çay içende kasande çay çöpi dik dursa şol gün öye myhman gelermiş.
2. semenini yhlasly bişirende ertir gazanyn içinde äşe patmanyn elinin yzy bolarmyş.
3. nahary gazanyn başyndan iysen toyunda gar yagarmyş.
4. gije dyrnak kesmek bolanokmyş.
5. işikde salamlaşmaly dalmişin
6. ay garaz sanasan sogaby kanda.mena şu yerde gutarjak galanyny son yazayaryn uly isleg bolsa :-)
-
agajanh
17 years ago
- Anekdot ýadyma düşdi.
Atakömek yrymçy biriniň ýanyna baryp soraýamyş:
- Eliň gijese näme bolýar?
- Pul düşjekdir
- Aýagyň gijese näme bolýar?
- Bir ýerik gitjeksiň
- Ýeňsäň gijese näme bolýar?
- Kellämi agyrdyp otyrmada bar suwa düşüp gel!
-
cendrillon
17 years ago
- :))))))anekdot govy ekeni
yene bir yrym yadyma dushdi:elin bilen ayagyn dyrnagyny bir gunde alsan toyun bilen yasyn bir gune dushyamish:))))))
-
agajanh
17 years ago
- dyrnak diýeňde ýadyma düşdi.
Hemme dyrnagyňy deň almasaň alynmadyklary ösenokmyş :)
Meselem 4-sini alyp başam barmgymy alman goýsam onda başam barmagymyň dyrnagy ösenok. Ösmese has gowy :-)
-
Feya
17 years ago
- öňümden gara pişik geçse şol gün gowy bolýa!!! (çynym)
a mena deneshdirip goremok, yone ala pishik hem gechjek bolsa onunden ylgap ozum gechyan :) karochi gechiremok onumden hich pishigi :)
Merdiwanyň aşagyndan geçseň boýuň gysga bolýamyş.
Öýde sykylawuk çalsaň garyplyk bolýamyş
shu ikisini menem kichi wagtym eshdipdim. voobshe dine merdiwan dalde simli stolban ashagyndan hem gechmejek bolyadym :)
kendirigi hem dushan adam yygnamaly diyip eshtdim, shu yryma öňden gelip hazirem dowam edyar oydyan.
hamyr edip elin hamyrly dasharyk chykmaly dal, yrsgalyn gidyar. elini yuwup chykmaly.
-
agajanh
17 years ago
- Yrymlar.pdf
Anna guni asgyrsan, dushushyk bolyar
Burnun ici gijese toy habary gelyar
Gashyn gijese myhman gelyar, dushushyk bolyar
Dilini dishlesen kimdir biri sana kayinyar, sen hakda gybat edyar
Yensan gijese gaygy alada galyan
Kebzan gijese, yas bolyar
Okjan gijese uzak yola gidyan
Sag gashyn cekse begenyan
Tirsegin gijese gama batjaksyn
Cep elin ayasy gijese cykdajy bolar
Eger cep gulagyn gyzsa sen hakda nahak gurrunler aydyp, gybatyny edyarler
Yash caganyn gobegini kesenson, ony oyde gomsen, ulalanson oydecil bolar.
-
cendrillon
17 years ago
Diliňi dişlesen diliň agyrar
uytgetmeli sheydip yrymlary,logika bar:))
-
shahyr
17 years ago
uytgetmeli sheydip yrymlary,logika bar:))
Elbetde. Menem şol niýet bilen ýazdym :-)
-
cendrillon
17 years ago
- sagmy chepmi tapavudy yok:) gozun chekse,gashyn chekse,damaryn chekse yadavlygyn,stressin alamaty;demir-magnezium yetmezchiligi;chay-kofe-kola yaly stimul beryan ichgilirden gereginden kop ichyanligin alamaty;
burnun ichi gijese tizlikde asgyrjagyn:))
burnun ichi gijese;asgyrsan dem alan vagtynda giren hovada burnuna yaramadyk (tozan) yaly elementlerin bolmagy;
elin-ayagyn,yensan,tirsegin,dyzyn,okjan gijese- gijilevuk keselin birinji simptomlary bolaymasa:)
-
shahyr
17 years ago
- Hemmesi deňine gijese suwa düşmelidiginiň alamaty :-)
-
Harmandali
17 years ago
Harmandaliiiiiii! Sen yryma ynanýaňammy? :S
Men kan ynanyba baramok yone chaga wagtym ynanyadym hemem kabir yrymlar endik bolupdyr sholary shu wagdam goyup bilemok. Mysal uchin gurbaga olse men ichimden “shu gun yagysh yagayarmykanay” diyyan :))) Yone edil ynanyp yagysha garashyp otyramok.
Gara pishik yolymy kesse ynanmasam hem endik nadip yza yoranimi bilman galyan. Duyna masgara-da boldym yoldan gechjek wagtym gara pishijek onumden gechdi weli yza 7 adim yoredim mashynda gechip baryanlan birisem guldi ustumden.
Yone dogry shu yrymlary bashga tarap uytgetmeli.
-
Harmandali
17 years ago
- Yrymlar hakda men pikirim. Olar gadymdan gelyara sheyle dalmi gadymy synchyrak adamlarynyn tapan zadydyr. Hemem yrymlary bozsan hich zadam bolmaya hachanda shona ynanmadyk yagdayynda. Yone eger ynanyp hem ony bozson adamda psihiki tarapdan gorky doreyan bolmagy ahmal “indi name bolarka, indi ishi ugruna bolmazmyka” sheyle pikirler edip hem ahyr sony shol zadyn ustunden baryandyr. Onson indiki ezek ony bozmazlyga chalshyan bolmagy ahmal.
A kabir yrymlar adamlar sheyle zatlardan dashyrakda dursun diyip edilyan bolmagy ahmal.
-
agash55
17 years ago
- şonun üçinde inanmamak in govysy dalmi
-
teke
17 years ago
- inanmamak (!) däl; ynanmazlyk :)
-
el_mariachi
17 years ago
- 4) Sallahlar size degişli! Eger sallah ýigit ýatagan bolsa onda gözi gyşyk gyza öýlenýämişin :))
...........................
men yaly 3-5 sagat yatjaklar oçkili gyza öylenermikaray:)
kim oçki dakyar???
-
Harmandali
17 years ago
- Chaga wagtymyz yokardan garga gechse ashak otyryadyk “otyryn bolmasa ikilikchi bolarsynyz” diyyadik. Nirede bolsa-da tarp-turp otyryadyk. Indi shu wagt kawagt kichi chagalar otyrya weli gulkim tutya.
Koplench yagysh yagan suwlarda gara gurbaga balyk bolyady bizem chagalar bolup shoary baklashka salyp tutyadyk son her kimin uly doganlary gelip alyp gidyadiler “gyrbagan chagasyny ellesen eline sinnil chykar” diyyadiler.
Wiy bir zat yadyma dushdi hol Indoneziyaly endamyna sinnil chykyan adamy gordunizmi?! Ey yaman nejis erbet bolupdyrlay birhili erbet bolyan yadyma dushse. Name uchin ona rugsat berenoklar belki bejererdiler ol pahyr beydip nadip yashasyn ela on aslada ele menzanogam. Huday saklasyn yyl-yyldan beter keseller dorap bashlaya. Näme sebäplikä klimatmy?! Şadyýanja sen med okaýaň bir zatjyklar aýtjakmy?!
-
CeriumOxide
16 years ago
- gurbakga ölse näme bolýanyna bilemmok welin,,
käbir garrylar ýada çopanlar günüň ýaşyşyna seredip ertirki howa maglumatyny aýdyp bilýäler!
-
CeriumOxide
16 years ago
4) Sallahlar size degişli! Eger sallah ýigit ýatagan bolsa onda gözi gyşyk gyza öýlenýämişin
beh çaşy gyz almaly bolaýarmykam!!! :D
-
CeriumOxide
16 years ago
- yrymlara menem kän ynanyp barammok, ýöne käbir yrymlaryň ylmy suwutnamasy bar.
Meselem meň bir klasdaşym işiklerine sosna agaç ekjek bolup durka bir ýaşuly "ol agajy işige ekmek gowy däl" diýipdir, näme üçin diýip sorasa, "aý şeýle yrym bar" diýipdir.
klasdaşym muny sorap idäpdir. Hakykatdanam ol agajy öýe ýakyn ekmek gowy däl ekeni, sebabi ol agajyň kökleri jaýa zyýan berýän ekeni, aşagyndaky topragy deşik - deşik etýän ekeni!
onsoňam "igde agajynyň aşagynda ýatsaň dällireýäň" diýýärler, olam dogry sebäbi igde agajy beýliki ösümlikleriň tersine kislarody özüne çekip, kömürturşy gazy çykarýar!
-
ata
16 years ago
- yrymlara ynanmaýanymy öňem ýazypdym, ynha:
Onler kan yrymlara ynanyp baramokdym welin, shu menin yaltalygym barada (hal we meňler mowzugy üçin) dogry aydylypdyr welin, indi aram-aram az-kem hem bolsa ynanybersemmikam
Garaz, umumy manyda ynanamok, ýöne käbirleri peýdaly, hakykatdanam :)
-
Harmandali
16 years ago
beh çaşy gyz almaly bolaýarmykam!!!
:D onem biri sheyle diyipdi … Eger chashy gyz almak islemeseniz shu wagtdan az yatmagy owrenayin ;)
Yene-de taze yyly nahili garshylasan butun yylyn hem shonun yaly bolya diyyaler. Shola chyn ekenay. Gechen yyl taze yylda bir jorama bergim bary shony gidip berjek boldym wlei hich elim degmedi wagt tapmadym. Sheydip taze yyla bergili bolup gechdim indi bolsa shu yyl butun yylyn dowamynda bergiden chykyp bilman gechaydim ony uzsem bashga tapylayyar :(
Hawa sosna agajyny ekmeli dal diyip menem eshitdim yone bizinem howlymyzda 3 duyp sosna agajy bar :)
Birem Selbi tal ekmeli dal diyyaler (men in gowy goryan agajym) Ol eyesinin bashyny ashak egya diyyaler.
-
CeriumOxide
16 years ago
- aý çaşy bolsada zyýany ýoklaý :D şu ýere seret!
ýöne käbir yrymlar tötänleýin bolýaram!
seň täze ýyl diýýäniňem şonuň ýalydyrlaý, menä her täze ýyl keýplije girýän welin, ýylyň dowamy beýle bolaýanok :D
biz kiçiräkäk kakam öňünden geçen gara pişige aňkarylyp tasdan bir maşyny kakýardy, kakmajak bolup bir mellege girip gitdi, şondan bärem gara pişik görse daşlap ýör:D, men bolsa çyndanam şeýlemikä diýip barlap gördüm welin bolýan zat ýoklaý!
selbi tal diýýäniň hol uzyn şaç diýýälermi nämemi şol dälmi, çybyklary ýere bakyp duran!
biziň obamyzda biriniň işiginde bar şol agaçdan, we ol adamyň 5 gyzy bardy, hemmesem owadan gyzlar, 2si öldi(biri meň klasdaşymdy), biri gaçyp gitdi, birinä näme bolanyny bilemmok, köp wagtdan bäri göremmok, birem durmuşa çykyp bilmän garrap barýar öýtýän! adamlar oňa şol agajy kesdirtdi öýtýän iň soňunda! geň we gynançly:(
-
garakchy
16 years ago
- Turkmenin bashyna bela yrymdan gelermish!!!
shahyr 17 years ago- Harmandaliiiiiii! Sen yryma ynanýaňammy? :S
Yryma men hiç ynanamok. Olar zyýanly adama, biderek psihologiýaňy bulaýaň.
Gurbaga diýilýän zat hergün bir topar ölýändir. Öň biz diňe öldürüp oýnaýadyk kiçikäk, ýöne hiç ýagyş ýagmaýady.
eger şu yrym şeýle bolsady ynanardym. Diliňi dişlesen diliň agyrar
men ynanmasamam ýazaýyn ejemiň ynanýanlaryny:
Merdiwanyň aşagyndan geçseň boýuň gysga bolýamyş.
Öýde sykylawuk çalsaň garyplyk bolýamyş
Başga ýadyma düşmedi şuwagt.
Bu yrymlaryň nireden gelip çykanlygy barada bir zatlar ýazjak nesip bolsa. edil şuwagt etmeli köp işim bar.