Ine- de garaşylýan pursatlar gelip ýetdi. Her bir talybyň,her bir ene ataň arzuwy hasyl bolmaly pursatlarnyň durmyşa geçýan döwridi.
Her kim diplom işin tabşyryp, dowlet ekzämenleri bilen başagaýdy.
Döwlet ekzamenlerin üstunlikli tabşyran Çynar indi diňe eline diplomy alyp, nirde sen ata watanym diýip gaýdybermelidi
Ol gunler hem indi daşda däldi
Talyp ýoldaşlary gutaryş agşamyny geçirmegi meýilleşdirýärdiler
Sanlyja günleriň içinde bular diplomlaryn eline alyp, ähli kursdaşlary bilen jemlenip otyryşyk etdiler. Ýaşlyk ýyllarynyň ajaýyp pursatlary talyplyk ýyllarynyň ýagşy ýatlamalarynyň hatyryna girip ,ýuregiň bir çunkünde ornaşdy
Diplomlaryn eline alyp her kim öz öýine howlykly.Ýol petegin alyp, uçar meýdanjasynda gabatlaşmagy dilleşip,nirde sen watanym diýip öz yurtlaryna gaýtdylar
Aeoroportda Turkmenistanda uçmaly wagtlaryna ýarym sagat toweregi barka, garaşylýan ýerde otyrkalar birden Aýtaç
- Çynar: - diýip pyşyrdady
- hä näme
- aňyryňa seret
- name bar
- lakguldawuk ýigit
- Nämeeeeeeeee
- howa, Parahat
- waý, Allajanlarym göräýdi öýtýan ,Aýtaç ol gonilap biziň ýanymyza gelýar
Ol barmana
- Wot,westreça, salam gyzlar,sizäm görmek bar ekeni,ýere giren ýaly ýitdiňizle,
- salam, bizäm görmek badyr, görseň
- Aýtääääääç, ýuwaşa
- waý nämeeeee
- gyzlar bu gezega telefon nomersiz sizi hiç ýerik hem goýberjekdäl
- sizäää nomer ýok, arkaýyn bolaý
- Aýtaç beýtmedä,onda Çynarjan sen beraý
Ozal hem galpyldap geplap bilman duran Çynar zordan baş atdy
- ýenede Çynarjan gowydyrla
Sizem dynyp gaýtdyňyzmy?
- howa
- onda gutlaýan,diplomňyzy, çoreklisi bolsun
- aýdanyň gelsin
- Parahat, sizem dyndymyzmy
- howa dyndym,indi tassyklatmaly, iki hepde uç hepde Aşgabatda bolýas, şonda aýlanmaga çykarsa
- nesibedir bilmedim
- nesibedir diýmedä Çynarjan, bolýa diýaý
Ol barmana uçara münmeli wagtlary hem doldy. Parahat Çynara duşup jaň ederin, agşamlyk imo hokman girgin, hat ýazjaklygyn pyşyrdap duýdyrdy
Çynar sesin çykarman diňe baş atdy,oda bolýa diýdigidi
Bular bir uçarda ýurda gaýtdylar.
Çynaryň otyran ýeri äpişgäniň agzyna düşdi.Ol äpişgeden seredip uçaryň ýuwaşjadan bulutlaryň arasyna siňip barşyny synlap pikire batdy. Tebigatyň ähli ýerde gözelligin synlady. Akja bulutlary elini uzadyp tutyp göresi geldi.
Olar bilen naçe ýakyn hem bolsa elini uzatmaga onda mümkinçilik ýokdy. Ýöne şonda-da olardan gözini aýyrmady. Birden ol bulutlaryň içinden Parahaty gördi,tisginip gitdi, gowja synlady, onyň keşbi ýitip gitdi,ýylgyrdy,öz ýylgyrşyndan özi utandy .
Parahatyň otyran ýeri daşdady,bir uçaryň içi hem bolsa biri uçaryň o başyna biri bolsa bu başyna duşipdi.
Çynar şonda-da darykmady. Indi onda onyň telefon nomeri we imosy bardy. Telefonda gepleşmäge mumkinçilik bolmaýan wagtynda hem ol gije arkaýyn Imoda ýazşyp biljekdi
Çynar pikirlere çümüp uçaryň gonmaga aşaklandygyn hem duýman galdy
Sagaman uçardan duşyp her kim ,biri taksi tutsa ,daşyrakda ýaşaýanlar bolsa tazeden welaýat içre uçara perek aldylar. Bile gelen talyp ýoldaşlary bilen aeoroportda aýrylyşdylar
Çynar taksi tutmak üçin daş çykany hem şoldy welin birden
- Çynar diýip biri adyn tutyp gygyrdy, seretse Parahat
- Çynar ugryň nirä
- Mara
- Maryň nirsinden
- Garagumdan
- menem Wekilden, yzymdan maşyn geldi, ýör biziň maşynmyza, özim elin taşlaýyn
- ýok azar edinmaň
- ýogy bolmaz
- ýok özim giderin
- Çynar beýdiýmesene, hany ýör, diýip onyň ýogy-borna garaman el goşylaryn alyp ýörap ugrady.
Çynar hem sesin çykarman yzyna duşiberdi
Olar bir maşyna munip gaýdylar.
Parahat Çynaryň ýanda yzda otyrdy. Yol boýy okan gunleri, her hili ýagdaýlar, kynçylyklar, şatlykly gunler barada Çynara gurruň berip geldi. Özi barada welin hiç zat aýtmady Ol diňe iki oglan doganlygyn, ejesi,kakasy, birde enesi balygyn aýtdy
Kakasynyň kesbini dowam etmek üçin ekenomykany gutarandygyny aýtdy. Ol gezek berman geplap oturşyna Çynar ank bolyp diňlap otyrdy, ony naçe diňlesede az ýalydy.
Birden Parahat
- Çynarjan,senem öziň bilen tanyşdyrda
Çynar ýuwaşjadan
-mendede ejem kakam,uýam birde mamam bar başga ýok
- sen ulylarymy ýa körpe
- men uly, uýam hem deň,ýöne ejem men kiçi wagtym ýogalan, bu ejem meniň ejeligum ýone men oňada eje diýýan, uýam diýýanim bolsa ejeligimiň gyzy, ony hem gaty gowy gorýan
- sen haýsy ugyrdan gutardyň
- menki himiýa
- mollym boljakda
- hawa diýip baş atdy
Parahat
- Çynar şahsy ýeneje sorag sorasam gaty görmersiňmi
- ýokla soraber
- seniň halaşýanyň, ýa göz öňine tutýan ýigdiň barmy
-ýok, entek şahsy durmyşym barada oýlanmandyryn,işe zada bir başlaly soň.pikirlenerisda
- halaşýan ýigdiň ýok bolsa, birden men söz aýtsam name diýersiň
Çynar gyzardy
- dymmasana, aýdaýda
- bilemok
- a men bolsa bilýan
- namani
- seniň meni gowy görýäniň
- ony kim aýdyp ýör saňa
- ýuregim
- nameee
- eliň ber, ýuregim ustunde goý, duýýarmy ýüregimiň urşyny, ol diňe seni gözledi, ýone tapmadym,şol wakadan soň men doly üytgedim, gunde muzeýe baryp gaýtdym,goýa sen bir ýerden, meee gapjygyň diýaýjek ýaly bolyp durdy,men ol ýerde otyryp otyryp gaýtdym,men muzeýe baryp seniň bilen gepleşýan ýaly duýdym,ne iýdim ne-de içdim, ugrym bolmady
Çynardan seni ýuregim bilen söýdim,meniň söýgumi jogapsyz goýma
Çynardan welin ses çykmady. Parahat Çynaryň dymyşlygyn onyň razylygyn duýdy we elin onyň arkasyndan egniniň üstunden çalaja gujaklap özine çekdi, saçlaryndan ogşap elini aýyrdy...

Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir