Dünýäde ilkinji metronyň açylyşy 4 Sanjar 1880-de Londonda bolupdyr. Onyň uzynlygy 6 kilometr eken we birinji ýolagçysy (passažiri) Wales prinsi, geljekki Beýikbritanýa koroly Eduard VII bolupdyr. Onyň adyna «Metropolitan Railway» (paýtagt demirýoly) diýipdirler, uzyn ady gysgaldyp bäş harlpyja «metro» diýipdirler. Metrony köplenç M harpy bilen görkezýäler, üýtgeşik görkezýänlerden birem Germanýa, U bilen görkezýäler (Untergrundbahn, ýer assyndaky ýol). Berlin metrosy 1902 ýylynda gurulypdyr, häzirki wagtda 9 şaha, 144km uzunlygykda we 170 duralgasy bar. Iň gymmat metro Londonda, ikinji orunda 1900-da guralan Pariž metrosy bar. Iň amatly diýip hasaplanýar, Parižiň hemme ýerine we käbir şaherçelerine çenli ýetýär. Bütün şahalaryň uzynlygynda ýene birinji orunda London gelýa, ýöne 2020 ýylynda ol ady Pekin metrosyna bermeli bolar, ol eýýam 561km çenli giňeldiler. Häzirki wagtda Pekinde 4 şaha bar, gündelik 1,5 milýon ýolagça hyzmat berýär. Taslama görä 2020-de 19 şaha bolar. Iň gysga metro Ýekaterinburgda, 9km we 7 duralgasy bar. 22 ýyldan bäri gurlyşy dogam etýär, şonda da Ginnessiň rekordlar kitabynda orny bar. Iň howlukmaýan metro Kazanda, 5 duralagasy bar. Bu metrony diňe turistler içersiniň bezegini görmek uçin ulanýarlar. Şol sebäpli hem iň arassa metro. Iň howupsyz metro Moskwada, soňky ýyllarda bolan teraktlary göz öňünde tutmasaň. Iň rahat metro Tokiýada, hemme hyzmatlar elektronlaşdyrylan hatda biletleri hem awtomatlar satýar. Iň adatdan daşary metro Stokgolmda, oňa iň uzyn sungat galereýasi hem diýýäler. Ýene bir üýtgeşik metro Buenos Aýresda, olar agaçdan ýasalan.

Köneler, mc_merw tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir