« Parfum » temasy hemmani gyzyklandyryan tema,ichinizde shony ulanmayanynyza yokdur… Kop forumlarda « parfum » temasy achylya,yone yuzleyin gurrun edilya,shonun uchin shu movzugy achyp, Parfyumeriya barada sapaklarymdan « gysgacha »:) yazyp paylashayin diydim. Parfum diyende derrev Fransiya goz onune gelya,yone Parfum-yn taryhyny yzarlasak,ol Fransiyada doremandir. « Per », « fuma »(tusse) latyn sozlerinden gelip chykan, (tussanin usti bilen )diyen manyny berya,sebabi ilkinji doran parfumlary yakyp tusse etmegin usti bilen doredipdirler. Antik dovurde ilki doran yeri :Yegipet,faraonlar dovrunde parfumleri ilki bilena olulerin bedenini yslandyrmak,dini « obryadlar » uchin,nervyny rahatlandyrmak,yashayish otaglaryna govy yslar bermek uchin ulanypdyrlar ;Kleopatra ysly yaglary erkeklerin bashyny aylamak uchin,ozune chekmek uchin ulanypdyr. Antik dovrunde parfum bashga-da arap yurtlarynda,Gretsiyada,italiyada(Rom) kop ulanylypdyr. Fransiya Parfum biraz sonrak gelip yetipdir :Orta asyrlarda, Renessans dovrunde parfum yasamak gullap osupdir.Shol vagtlar fransiyada (Gunorta-gunbatar bolegi) deriden geyim tikyar ekenler,shol derinin ysyny ayirmak uchin parfum ulanypdyrlar, aristokratlarda ellik geymek moda bolupdyr ve ellikchiler deriden edilen ellikleri yslandyrmak uchin parfum ulanypdyrlar.Sonlugycha deri modadan chykya,mata geyimler moda girya ve deri ellik tikyan tikinchiler ellik tikmegi goyup dine parfum satmak bilen meshgullanyp bashlapdyrlar, ve parfum ulanmak aristokratlaryn arasynda moda bolup parfum yasamak ayratyn hunare ovrulya ;fransiyadaky Grasse shaheri parfum-yn paytagty hokmunde belli bolupdyr. Onki ellikchiler indi Parfumchylar adyna eye bolupdyrlar,Parije (aristokratiyanyn yashayan shaherine) gochup,shol yerde oz parfum magazinlerini achypdyrlar.

Köneler, cendrillon tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir