2015-nji ýyl ýurdumyzda «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Geçen 20 ýylyň dowamynda Türkmenistan döwletimiz hemişelik bitaraplyk syýasatyny ýöretmek bilen sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, dünýäniň döwletleri bilen birlikde parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde uly şleri amala aşyrdy. Şoňa görä-de Bitaraplyk baýramy Türkmenistanda Garaşsyzlykdan soň ikinji milli baýrama öwrüldi we geçen döwürde amala aşyrylan işlere, syýasy, ykdysady, hukuk we durmuş taýdan baha berilse, döwletimiziň 20 ýyl mundan örän uly taryhy ähmiýetli we dogry ýoly saýlap alandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini ýerleşdirmek boýunça gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy bolsa möhüm ähmiýete eýe boldy we sebitde durnukly ösüşe goldaw bermegiň hasabyna sebit meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermeklik ýola goýuldy. Biziň Türkmenistan döwletimiz tarapyndan geçen 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere ýokary baha berlip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-nyň Baş Assembleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşan 193 döwlet tarapyndan: «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň» Rezolýusiýasy täzeden biragyzdan makullanyldy. Ýurtlaryň 47-si bolsa bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdiler. Kabul edilen bu Rezolýusiýada bolsa aşakdakylar öz beýanyny tapdy: 1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär; 2. BMG-na agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga hem-de onuň garaşsyzlygyny özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüliligini hormatlamaga täzeden çagyrýar; 3. Türkmenistanyň Hökümetiniň 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan etmek baradaky çözgüdini hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň dekabrynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyny geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar. Agamyrat Babaýew

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir