Günlerde bir gün Magtymguly şahyry,barly toparyň wekilleri masgaralamak üçin: -Seniň ataň-eneň kim?Olar nätüýsli adam bolan?Şony bize aýdyp ber bakaly?-diýip ýüzlenipdirler. Şonda Magtymguly duran ýerinden olara şeýle jogap beripdir: Atam aslyn sorasaň- Däne seçýän daýhan är. Enem aslyn sorasaň- Sähra biten boý derek. Zähmetimiň miwesi Köp eýýäme gitse gerek. Magtymgulynyň jogabyny eşiden barly adamlar sesini çykaryp bilmän,öz ugruna gidipdirler.

Köneler, maksatmaksat tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir