Türkmenistanda öndürilýän un önümleriniň bahasy ýakyn wagtlarda ýokarlanjakmyş diýilýän gep-gürrüňler çykdy. Biziň raýatlarymyz bu ýalan gep-gürrüňleri eşidip, howsala düşüp bazarlardan we söwda dukanlardan uly möçberde un önümlerini satyn alýarlar. Men bu gep-gürrüň çykmagy bilen baglanyşykly, «Türkmengallaönümleri» DB-de işleýän tanşymdan soranymda, ol bu gep-gürrüňleriň ýalandygyny ýagny, Türkmenistanyň öndürýän un önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy barada hiç-hili iş alnyp barylmaýandygyny düşündirdi. Şeýle-de, Türkmenistanda bugdaý we un önümleriniň ätiýaçlygy 4-5 ýyllyk bardygyny,şol sebäpli daşary ýurtlara eksport hem rdilýändigini aýtdy. Şeýle-de, daşary ýurtlardan gelýän un önümleriniň bahasyny görmek üçin söwda bazarlara bardym. Bazarlarda köp mukdarda un önümleri halka satylýar. Häzirki wagtda olaryň hem bahalary ýokarlanmandygyny göz ýetirdim. Bazarlarda beýleki azyk önümleriň hem bahalary geçen ýyldaky bahasyndan üýtgemändir. Şeýlelik-de, ýalan gep-gürrüň çykarýan adamlara ynanyp howsala düşmekligiň ätiýaçlygyň ýokdygyny göz ýetirdim.
Türkmenistanda un önümleriniň gymmatlaýandygy barada ýalan gep-gürrüňler çykmagy
-
kitaphanachy
10 years ago
- halkyň etmäge işi ýok ýaly, gep-gürrüňleri ýaýradyp ýörler. Bazara baryp göräýmelidä.
-
Yhlas98
9 years ago
- Ay onam satyjylar tapyalarlay yyrtyk un haltalary satmak ucin
-
Aybolek
9 years ago
- Pikrinize gosulyan, emma bu gep gurrunlerin kopsi yerli ilatdan cykyar, yhlas98 dine ahli gunani satyjylara yuklemek, men pikrimce dogry dal
lalalalalala 10 years ago- Hawa so onki bahasy eken menem gordum