Bizar boldum telefonyň jaňyndan Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan Oglumy gününe goýuň siz gyzlar "Söýýän" diýip ony oda salýaňyz Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Agşama howlugýar sagadyn belläp Duşuşanda berjek sowgadyn telläp Käte urlup gelýär,dodagyn sallap Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar Düýşünde samyrdap adyňyz tutýar Ukudan doýmanka ýene daň atýar Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Gijeler çagyryp bagyň çetine Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine Käte bolup gelýär gyzyl etene Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl Gelin edip işigimden saljak däl Balajygmy öýeräýmesem boljak däl Oglumy gününe goýuň siz gyzlar. Анна Орлова, "Soygi"--" Любовь"--"Ashk" gruppa

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir