Тäze ýyl baýramçylyga bagyşlanyp türkmen ilatynyň saçagynyň berekedini artdyrmak üçin şeýle-de bazarlarda we söwda merkezlerde halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek maksady bilen daşary ýurtlarda öndürilýän we ýerli iýmit önümleri köp möçberde elýeter bahalardan satylyp başlandy. Munuň bilen bir hatarda et, un, şeker we beýleki gök önümleri söwda nokatlaryna arzan bahadan satuwa çykaryldy. Ýurdymyzyň ýaşaýjylary esasan hem ýerli elin et önümleriniň hiç hilli bökdençsiz köp sanly söwda nokatlarynda satylýandygyna göz ýetirip bilerler. Bu ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, dekabr aýynyň başynda şäheriň çägindäki “Gülistan” söwda merkezinden elin et önümlerini satyn alyp, bu habaryň dogrydygyna hut özüm anygyna ýetdim. Şeýle-de, söwda nokatlarynyň satyjylaryndan bu ýagdaýlar boýunça soranymda, olar mundan beýläk et önümleriniň bol bolup, ilata el ýeter bahadan satyljakdygyny, şol sebäpli bökdençsiz gündelik gerek bolan beýleki iýmit önümlerini hem satyn alyp bilersiňiz diýip gürrüň berdiler. Bu habar boýunça tanyşlarym bilen habarlaşanymda, olar hem özleriniň ýaşaýan ýerleriniň golaýyndaky söwda bazarlarynda elin et önümleriniň hemişe satylýandygyny aýtdylar. Türkmenistanyň Söwda we Daşary aragatnaşyklar ministrligindäki maglumatlara görä, häzirki döwürde et önümleriniň daşary ýurtlarda satylýan nyrhlary Türkmenistanyň bazarlaryndaky nyrhlardan has ýokary. Mysal üçin, goňşy döwletleriniň bazarlarynda satylýan et önümleriniň bahalary şu aşakdakylar ýaly. Ýagny, Bellorusda – 20,14; Özbekistanda – 11,40; Gazagystanda – 10,53; Eýranda – 10,20; Russiýda – 9,09; Täjigistanda – 8; Owganystanda – 7; Gyrgyzystanda – 6,86 ABŞ dollaryna barabar.
Aşgabat şäheriniň çägindäki söwda bazarlarynda elin et önümleriniň bolçulygy
-
Adiz
10 years ago
- 12 manatdan doly, bir azyrak oçerede garaşsaň
-
nexttmm
10 years ago
- dogrydanam men aldym 5 kg berýäler
-
Bayja
10 years ago
- dasary yurtdaky etlerin bahasyny yazypsyn dogrylygyna ynamyn bamy?
-
Bravo
10 years ago
- Ocered bolsa bolanokda drug yone nam bolsada shukur etmeli
lalalalalala 10 years ago- Bizde nace