Türkmenistanda güýçli ses beriji partlaýjy serişdeleri (petardalary) ýasamak we ulanmak bilen meşgullanýan ýaşlary terbeiýelemek boýunça TIIM-gi tarapyndan ýörite toparlar döredilip, adam saglygyny zeper ýetiriji zyýanly maddalardan goramak üçin yzygiderliginde köp işler alnyp barylýar. Adam saglygyna zeper ýetiriji güýçli ses beriji partlaýjy serişdelerden (petardalardan) gorap saklamak diňe bir polisiýanyň işi däl, eýsem ata-enäniň hem öňünde durýan borjydyr. Ýaşlaryň arasyndaky bu erbet hereketler jenaýat işi bilen utgaşýar diýsek hem ýalňyşmarys. Häzirki wagt döwletimiziň türkmen halky üçin ähli tarapdan döwrebap enjamlar bilen goramaga ukybynyň bardygyny hem unutmaly däldiris. Bu alnyp barylýan işler dogrusynda paýtagtymyzyň we beýleki şäherlerimiziň we etraplarymyzyň awto ýol hereketiniň howpsyzlygyny üpjün etmekde we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köp ýerlerinde daşary ýurtlarda öndürilen aňry baş wideo gözegçilik kameralaryny satyn alyp, gurnamaklarynyň özi hem adam howpsyzlygy ugrunda edilýän işler netijesidir. Emma bu edilýän işlere garamazdan käbir ýaşlarymyza gelişmeýän hereketlere hem gabat gelmänem durlanok. Elbetde bu işleriň uzaga gitmejegi hem aýdyň görünýär. Şeýle-de hem öň yaşlaryň arasynda moda bolan zyýanly we adam üçin howply, güýçli ses beriji partlaýjy serişde (petarda) bilen häzirki wagt TIIM-gi tarapyndan döredilen aýratyn topar, mekdep mugallymlar we ýaşlar guramalary bilen bilelikde ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýaşlar şu hili erbet endiklere baş goşmakdan gorap saklamak üçin her bir ata-ene öz perzentlerine öwüt-ündew bermelidir. Ýaşlar arasynda ýüze çykýan emeli güýçli ses beriji serişde (petarda) adam duýdansyz ýa-da gaýgy gam bilen tukat oturan çagy, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar we garry ene-babalarymyzyň töwereklerinde ulanylan ýagdaýynda onda olara erbet täsir ýetmegi mümkindigi sebäpli biz şol hili ýaman hereketlerden goramak üçin ýaşlary terbiýelemekde öz goşandymyzy goşmalydyrys. Bu hut özümiziň we beýleki ildeşlerimiziň asudalygyny gorar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir