Bu oýun biziň çagalyk döwrümizde esasan oýnalýan oýundy. Häzirki döwrüň ýaşlary diňe aýpad ýa-da aýfon diýip ýatyrlar. “Aşyk oýny” Nowruz we beýleki milli baýramçylyk günlerini güneşli Türkmenistanyň ähli ýerlerinde oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny örän şüweleňli geçirilýär. Aşyk oýny üçin goýundyr geçiniň esasan yzky aýaklaryndaky aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Aşyk oýnunda mundan başga-da, ýaşy ulurak oglanlar tarapyndan iri şahly mallaryň aşyk süňki–topazy, has ýaşajyk oglanjyklar bolsa guzynyň aşyk süňküni–müji ulanylýar. Aşygyň dört tarapynyň hersiniň öz ady bardyr: aşaky giň tarapyna “alçy”, beýleki tarapyna “tagan”, gapdaldaky çökgüt tarapyna “çikge”, gapdalky ýokary galyp duran tarapyna “dükge” diýilýär. Aşyk oýnamak üçin her oýunçy bir aşygyny bellenilen düz ýere setir edip goýýarlar. Soňra kimiň oýna başlamalydygy we dowam etmelidigi bije atmak arkaly çözülýär. Aşyklar belli bir aralykda, adatça, iki-üç metr daşlykda goýulýar. Ýaşy ulurak oglanlar aşyklary ondan hem daşrakda goýup oýnaýarlar. Oýunçylaryň aşygy zyňýan ýeri çyzyk bilen bellenilýär. Oýnuň şertine görä, belligi bassaň ýa-da oýun wagty aýagyň bellikden geçse, ondan ol oýunçynyň utugy hasap edilmeýär. Adatça aşyk zyňylanda “Altyn aşygym-alçy gop!” diýlip arzuw edilýär. Urlup setirden çykarlan aşyk bolsa, onuň utygy hasaplanylýar. Ýüňdir ýüpek boýan enelerimiz bolsa, käýarym aşyklary goşawuçlap lasyrdap duran gazana atyp, agtyklarynyň şatlygyny goşalandyrypdyrlar. Türkmenistanyň Gündogar etraplarynda ýaşlaryň durmuş toýy üçin taýýarlanylan ýorgan-düşekleriň burçlaryna, käbir obada gyzyň sep bukjasynyň agzyna süýji bilen birlikde aşyk berkidipdirler. Käbir obalarda täze gelniň seçekli gyňajynyň siniň ujuna aşyk düwüpdirler. Munuň özi täze durmuşa gadam urýan ýaşlaryň dowamatynyň dowam bolmagy arzuwlanyp berjaý edilip gelinýän gadymy ynançlardyr

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir