Türkmen palowy nýam nýam obýedeniýe Palow Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary dürli-dürli. Palowyň datly bolmagy üçin bişiriliş usulynyň talaplaryny doly berjay etmeli; tüwiniň köne-tazeliginiň ähmiyetleri-de ýatdan cykarmaly däl. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, deňiz ýaka raýonlarymyzda ete derek balyk atybam, balykly palow bişirilýandigini belläp gecmeli. Şoňa görä palow taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary birmeňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda. Palow taýarlamak üçin, ilki bilen, tüwini çeltiginden saylap, hapa-hupasyny aýyrmaly. Arassalanan tüwini aýry bir gapda üstüne gaýnan suw guýup goýmaly. Dogramçanyň her biriniñ agramy 30-40 gr bolar ýaly edip, eti dogramaly we duzlamaly. Gazandaky ýag kemsiz ýanansoň, taýarlanan eti salyp gowurmaly. Eti gyzaryp başlanda, üstüne düýp sogany tegelek görnüşde dograp, dilimlenen käşiri atyp, gowurmagy dowam etdirmeli. Sogan bilen käşir kemsiz ýumşansoň, birazrak gaynan suw guýup, gazanyň gapagyny jebis ýapmaly. Ojagyň oduny peseldip, gazana atylan zatlary öz buguna goýmaly. Biraz wagtdan soňra ody ýene güýçlendirip, hälki suwa salnyp goýlan tüwini gazandaky zatlaryň üstüne endiganja sepip rejelemeli. Üstüne-de gaýnag suw guýmaly, ol orta barmagyň birinji bognundan geçmeli däldir. Hemme zady ýetik salnan gazany gaýnatmaly. Tüwi suwuny mazaly çekensoň, ony agdaryşdyryp, pugta basyrmaly. Şeyle ýagdaýda takmynan 25-30 min-dan soñ tüwini oňat agdarmaly-da, ýene 10-15 min saklamaly. Tüwi basyrylyp goýlanda, gazanyň ody peseldilýar. Taýýarlamak üçin 1 kg tüwi, 500 gr et bilen 500 gr käşir, 250 gr ýag (mesge, saryýag, kunji ýagy, çigit ýagy), 2-3 düýp sogan, duz we burç gerek... Içdäňiz açyk bolsun!!!!!!!!!!!!

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir