Ata-babalarymyz adamyň şahsyýetine baha berenlerinde, ilkinji nobatda, onuň edebini, gylyk-häsiýetini, tertibini nazara alypdyrlar. Onuň durmuşda edýän paýhasly işlerine,parasatly hereketlerine baha beripdirler. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän beýik, hormatlanmaga mynasyp ynsanperwer häsiýetleri bar. Olar pespäl, jomart, süýji dilli, kiçigöwünli, geçirimli, mähirli, rehimli, halalhon, ygrarly bolmak ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetlerdir.Sol gylyk häsiýetleriň ählisini özünde jemlän adam ynsanperwer adamdyr. Bu häsiýetlere ýaşlykdan endik eden her bir ynsan döwrüň belentligine galar. Adam üçin gözel häsiýetleriň hemmeside zerur. Şol häsiýetleri kämilleşdirip, durmuş tejribäňde dogry ulanyp bilmeli. Olar: mähirli, jomart, alçak, göwünjeň, töwekgel, erjel, gaýratly, göreldeli, namysjaň, asylly, ygrarly, edepli, doruçyl, yhlasly, mert, paýhasly, adamkärçilikli, ynsanperwer, dogumly, sahy, lebzi halal, mylakatly, kanagatly, sabyrly, parasatly, hoşniýetli, ugurtapyjy, kiçigöwünli, sada, ynsaply, şahandaz, haýaly, edenli, seresaply, gaýduwsyz, sypaýy, takatly bolmakdyr. Ynha şular ýaly gowy gylyk-häsiýetler bolsa adamynyň şahsyýetlerini birkemsiz bezeýär. Akylly-“Akylly ýeňer”, “Akylly az gürlär”, “Akyllynyň sözünden köňlüň söýüner, akmagyň işinden zehin käýiner”. Mähirli-rehimdarlyk duýgusy bar bolan, mylaýym gatnaşykly, ýakymly mähir bilen aragatnaşyk saklaýan adam. Jomart-“Eli açygyň ýoly açyk”. Beýleki adamlar üçin öz bähbidinden geçip bilýän, eli açyk adam. Alçak-“Alçak aş iýer-domma daş iýer”. Göwni açyk, mylaýym, gadyrly adam. Edepli-“Edepli oglan aglamaz”. Edeplilik adamyň hereketinde, sözünde, töweregindäkiler bilen gatnaşygynda ýüze çykýar, bu adamy bezeýän iň oňat häsiýetdir. Tertipli-“Tertipli oglan temmi almaz”. Özüňi alyp baryş kadalaryny dogry ýerine-ýetirýän adam. Sabyrly-“Sabyrly gul dura-bara şat bolar”.Adamy bezeýän ynsanperwer häsiýetleriň biri hem pespällik, kiçigöwünlilikdir. Durmuş hakykatyna ser salanmyzda, pespäl, kiçigöwünli adamlar hemişe at-abraýa, sylag serpaýa eýedirler. Henize çenli ulumsylyk edip, tumşugyny ýokary tutup, döşüni gaýşardyp dünýäde at-abraý alan ýokdur. Her bir adam ähli pursatlarda öz köňül köşgüni jylawlamagy başarmalydyr. Ŷaşlykdan öz göwnüni jylawlamagy öwrenen her bir ynsan men-menlik atly howpdan özüni gorap biler. Men-menlikden aman bolmak, kiçigöwünli, pespäl bolmak üçin ilki bilen maddy we ruhy baýlygyň sazlaşygyny gazanmaly. Adamzat döräli bäri hoş söze maýyl bolup, ýaman sözi ýek görüp gelýär. Hoş sözlülik ynsanperwer häsiýetleriň iň naýbaşylarynyň biridir. Ata-babalarymyz: “Ŷagşy söz baldan süýji”, “Ŷagşy söz daş ýarar”, “Ŷagşy söz ýylany hininden çykarar, ýaman söz gylyjy gynyndan” diýen nakyllary döredipdirler. Türkmeni bezeýän oňat häsiýetleriň biri-de alkyş alyp, sogap gazanmak häsiýetidir. Türkmen ile ýagşylyk edip alkyş alanyny, beýik Taňrydan ýalkanmak hasap edýär. Türkmençilikde işi bitirilende, birek-birege kömek edilende hökman “Taňryýalkasyn!”, “Işiň şowly bolsun!”, “Görjegiň gowy bolsun!”, “Bizi sylany Alla sylasyn!” diýen ýaly alkyşlar aýdylýar.Ata-babalarmyzdan gelýän nakylda hem “Altyn alma, alkyş al” diýlip wesýet edilýär. Türkmençilikde “Taňryýalkasyn” diýen alkyşy köşekli düýeden hem gymmatly hasap edýärler.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir