Adam ogly, pelek seniň, Bir gün donuň biçer gider. Saňa urar hanjaryny, Jellat ganyň saçar gider. Gezme dünýä meýil edip, Bihuda ýerde seýl edip, Öňki gonanlaryň ötüp, Göz açynçaň geçer gider. Ölseň seni, kimiň ýatlar, Haýkyr galar bedew atlar, Ony münen goç ýigitler, Gara toprak guçar gider. Dünýäniň soňy bibatdyr, Binamazyň jaýy otdur, Ölüm bir ajy şerbetdir, Her kim ondan içer gider. Köňül aýdadyr ölmeseň, Lahatda tenha galmasaň, Eýäňe dogry bolmasaň, Iman senden gaçar gider. Magtymguly, bu ne jaýdyr, Ajap bir kerwensaraýdyr, Dünýä bir loly heleýdir, Bir gün seni guçar gider.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir